Pyragy we aýdym-saz älemi

12 Oktýabr 2023
474

Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek, ylmy-amaly maslahatlary, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek baradaky başlangyjyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ilimiziň alkyş-senalary ýürekdendir. Çünki Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi milli bagşyçylyk sungatymyza-da uly täsirini ýetirdi. Has dogrusy, türkmen bagşy-sazandasyny Magtymgulusyz, Magtymgulyny bolsa bagşysyz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Sahy Jepbarow şahyryň dürdäne setirlerini aýdym edip halka ýetirmekde görelde mekdebidir. Ol toý-baýramlarda Magtymgulynyň «Söze myhmandyr» atly goşgusyny pessaý heňde, ýagny «Pelek ömrüm» diýen halk sazynda sanapdyr:

Rejepmyrat ANNAMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar