Arkadag şäheri, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.
Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi.