"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saz bilen söhbet

Ol heniz harplygy öwrenýärkä, owaz diýlen zatda nähilidir bir uly güýjüň-gudratyň bardygyny duýýardy. Şeýdip bilesigeliji oglanjyk islendik zatdan özüçe owaz alýardy. Ine, indi şol owazyň awtorynyň sazlary meşhur orkestrde ýaňlanýar! Ol owaz — sazanda Hemra Agageldiýewiňki. Ol eýýäm üçünji synp okuwçysyka elektro depde saz çalyp, toýy sowup ýörenlerden eken. Ol şeýde-şeýde sungatyň syrly ýodasyndan ýola düşýär.

Ajaýyp eserlerde Watan waspy

Dünýä giňişliginde mynasyp orny eýeläp, BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty uly üstünliklere beslenýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy saýlap alan milli ösüş ýolumyzyň döredijilikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň edaralarynda dürli döwrebap medeni köpçülik çäreleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ähli welaýat kitaphanalary hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde «Gahryman Arkadagymyzyň ylmy hem-de edebi çeper eserlerinde watançylyk temasy» atly wideoaragatnaşyk arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren gymmatly eserlerinde Watana bolan söýgi, dost-doganlyk, agzybirlik ündelýän temalar hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda kitaplar hakyndaky maglumatlary elektron ulgama geçirmek işi dogrusynda durlup geçildi. Munuň özi kitaphanalarda alnyp barylýan täze iş usullaryna kömek bolar. Bu çäre mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň kitaplary — watansöýüjiligiň belent nusgasy» ady bilen kitap sergisi hem guraldy.

Üns beriň, bäsleşik!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi, «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy bilelikde iň gowy makalalaryň we goşgularyň, dürli žanrlarda ýazylan eserleriň hem-de paýtagtymyzyň gözel künjeklerinden düşürilen fotosuratlaryň «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşige döredijilik işgärleri bilen bir hatarda, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan ildeşlerimiz gatnaşyp bilerler.

Ak mermerden gurulýan bagt şäheri aşgabat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri şowly ädimler bilen başlanyp, tutuş ýylyň dowamynda uly üstünlikleriň gazanyljakdygyndan habar berýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň üstünlikli tamamlanyp, ýurdumyza hem halkymyza, galyberse-de, goňşy döwletlere bähbitli işlere badalga berilmegi tassyklaýar. Golaýda bolsa ýurt Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, baş şäherimizde gurulýan binalardyr desgalarda gurluşyk işleriniň barşy bilen ýakyndan tanyşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda durýan gurluşyklara baryp, gözel paýtagtymyzyň binagärligi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek täze binadyr desgalaryň döwrüň ösen isleglerine kybap gelmegi ugrunda alnyp barylýan işleri ýakyndan synlady hem-de baha berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitleri bilen bir hatarda gözel Aşgabatda hem şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyrylyp, üstünlikli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurulýan binalaryň her biri derwaýyslygy, göze gelüwliligi, milli özboluşlylygymyza kybap gelýänligi bilen tapawutlanyp, paýtagtymyzdaky bar bolan binalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Ak mermere beslenen ak şäherimiziň haýsy künjegine barsaň, göz

Bäsleşik geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ähli ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek babatda başlangyçlar esasynda ýurdumyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halypa-şägirtlik ýoly, dost-doganlyk gatnaşyklary, däp-dessurlarymyzyň milli özboluşlylygy hakynda ýatlamalar, taryhy gürrüňler, rowaýatlar, durmuş wakalary çeper beýan edilipdir.

Hakydada hemişelik galan

Uzak ýyllaryň dowamynda sahnada ynandyryjy keşpleri janlandyrandygyna garamazdan, artiste tanymallyk haýsy hem bolsa bir ajaýyp, üýtgeşik sungat eserini döredenden soň gelýär. Gürrüňini berjek bolýan sungat ussadymyza at-abraý, meşhurlyk kinorežissýor S.Garajaýewiň ýazyjy N.Jumaýewiň «Ýuwaş gelin» eseriniň esasynda 1970-nji ýylda surata düşüren «Ýuwaş gelin» çeper filminde döreden Maral ejäniň keşbi bilen bile geldi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýsoltan Berdiýewanyň Maral ejesi öz maşgalasy, hojalygy bilen gümra bolup ýören, göwnaçyk, ynanjaň, şadyýan, emma şol bir wagtyň özünde-de gaharjaň, hojalykda sözüni gögerdýän zenan ýaly bolup görünse-de, filmiň ahyrynda aňyrsynda hiç zat ýok, ýüregi mähirden doly hamrak enäniň keşbi janlanýar. Haçan-da, Maral eje gelni bilen sözi azaşyp, sene-mene edende, «Oglum gelnime azar beräýmesin» diýip, öýdäki tene şikes ýetiräýjek zatlary ýygnaşdyranda, onuň öňi bilen mähriban enedigine göz ýetirýäris. Uly ogly Jemşidi öýerip, gelen gelne guwanyp, agtyk söýmek arzuwyndaky enäniň ynandyryjy keşbi tomaşaçylary özüne çekýär. Biz Maral ejäniň şäherden lukmançylyk ugrundan ýaňy ýokary okuw mekdebini tamamlap gelen gelnine kürte atynyp, işe gatnamak baradaky talaplarynyň nädogrudygyna düşünsegem, nämüçindir, birbada Maral ejä ýüregimiz awap, onuň tarapyny çalýarys, misli öz ejemiz şeýle güne düşen ýaly kabul edýäris. Bu näme üçin beýlekä

Saz-söhbede utgaşdy

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde saz-söhbede beslenen dabara geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki şanly ýylyň çärelerine özboluşly badalga bolan dabarany etrap häkimligi, etrabyň medeniýet bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işeňňir agzalary, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

Opera— sungatymyzyň ýaraşygy

Türkmen halk döredijiligi özüniň köp görnüşliligi, ýordum köpdürlüligi taýdan örän baýdyr. Onda şadessanlar, dessanlar, rowaýatlar, ertekiler, matallar hem nakyllar bilen birlikde, halk aýdymsazlary hem birnäçe görnüşlere bölünýärler. Gadymdan galan nusgalary öwrenmek, baýlaşdyrmak hemme döwürdede örän derwaýys wezipedir. Şeýle hem, gadymy nusgalar öwrenilende, olar häzirki döwrümiziň talaplaryna laýyk öwrenilýär. Täze şertlere uýgunlaşdyrylyp, täze röwüş, öwüşgin berilýär. Muňa mysal hökmünde soňky ýyllarda Magtymguly adyndaky milli sazlydrama teatrynda gaýtadan we täze sahnalaşdyrylan «ŞasenemGaryp», «Görogly», «ÝusupZüleýha», «HüýrlukgaHemra», «Aşyk Çaňly» ýaly ölmezýitmez eserleri görkezmek bolar. Dessanlaryň esasynda döredilen operalar sungat eseri hökmünde has kämil, çylşyrymly çeper eserlerdir. Her bir sungat eserini aýdymlar, ariýalar, ariozalar, hor aýdymlary gözelleşdirýär. Olaryň her biriniň aňyrsynda durmuş owazyny, türkmen halkynyň ykbalynyň ýaňyny eşidýäris. Hor aýdymlary gözbaşyny gadymy grek teatryndan alyp gaýdýar. Orta asyrlarda, gaýtadan döreýiş eýýamynda we soňky ýüzýyllyklarda opera sungatynyň bütin dünýäde ösmegi bilen, hor aýdymlary hem tenor, soprano, bas sesli we ýüzlerçe adamly toparlara çenli ösdürilýär.

Düwmelere siňen duýgular

Toýa gelen myhmanlaryň öňünde akkordeon çalyp aýdym aýdyp duran, Türkmenistanyň halk artisti Mämi Çaryýewi diňläp duran on-on iki ýaşly Handurdy kakasy Jumadurdy mugallyma ýüzlenip: — Kaka, o bagşyň çalyp duran saz guralynyň ady näme? — diýdi. Kakasy gysga jogap berdi:

Kitap paýhasyňy durlaýar

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ajaýyp eserleri bilim işgärleri üçin hem bahasyna ýetip bolmajak ýakyn gollanmadyr. Ýaşlary terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ynsanperwerlik ýol-ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan kitaplary ýaş nesliň döwrebap terbiýe almagynda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň eserleri kalbyňy durlaýar, täze oýlanmalara, ahlak päklige, ruhy kämillige galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» kitabyndaky: «Özünde döwrüň ruhuny, milletiň çeper-aň ösüşiniň keşbini, sowulmaz ylahy ylhamyň köňül joşgunyny jemleýändigi, kalplara tämizlik çaýýandygy üçin, ylmyň, bilimiň, kitabyň gadyr-gymmaty ähli baýlykdan zyýatdyr» diýen jümleleri kitabyň gymmatynyň egsilmezdigini görkezýär.

Doglan günüňiz haýsy pasyl?

Dürli ýurtlaryň alymdyr psihologlary soňky ýyllarda geçiren barlaglaryna esaslanyp, ynsanyň doglan pasly, onuň häsiýetine, zehin-ukybyna täsir edýär diýen netijä gelipdirler. Alymlar munuň sebäbini bolsa, enäniň çaga dünýä inýänçä iýmitlenişine we çaganyň ilkinji aýlardaky saglyk ýagdaýyna bagly bolýandygy bilen düşündirýärler. Şu ýerde psihologlaryň gelen netijelerini size hödürleýäris. Gyş pasly — zehinli kişileriň pasly.

Sungatyň gudratly güýji

Myratgeldi aganyň gözüni açyp göreni dutar, eşidýäni şirin mukamlar, aýdymlardy. Agasy Rejep Rahmanowyň, obadaşy Öwlüýäguly bagşynyň bile saz çalyp aýdym aýtmaklary onuň sungat ýoluna düşmegine itergi berýär. Onuň döredijilik ýolundaky ilkinji ädimi çeper höwesjeňleriň çykyşynda «Jeýhunym» atly öz döreden aýdymyndan başlanýar. Jeýhun tolkunlarynyň owazyny çeper sözde, pelsepewi pikire ýugrulan inçe duýguly sazda beýan etmegi başaran aýdymçy, ony ýerine ýetirmekde-de ussatlygyny görkezýär. Bu üstünlik bagşynyň kalbyny joşduryp, ony hyjuwly zähmet çekmäge, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Dost-doganlyk mukamy

Golaýda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň guramagynda, muzeýiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan — hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her bir ýyla ähmiýetli şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, halkymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Parahatçylyk, ynanyşmak, birek-biregi goldamak, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk mähriban halkymyzyň asylly ýörelgeleridir. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu asylly ýörelgeler bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem mähriban halkymyzyň parahatçylygy, hoşniýetliligi, ileri tutýan belent maksatlarynyň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär. Maslahatda berkarar Diýarymyzy dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanadan milli Liderimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet mede

Üns be­riň, bäs­le­şik!

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­ny has-da da­ba­ra­lan­dyr­mak, ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de ro­waç­lan­ma­gy­na, ber­ke­me­gi­ne, ýur­du­my­zyň äh­li ugur­lar­da ösüş­le­riň be­lent sep­git­le­ri­ne ýet­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­mak, eziz Di­ýa­ry­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny has-da art­dyr­mak, mu­kad­des top­ra­gy­my­za hem-de gö­zel te­bi­ga­ty­my­za gu­wan­mak, hal­ky­my­zyň me­de­ni mi­ra­sy­ny, ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ni gi­ňiş­le­ýin wa­gyz-ne­si­hat et­mek, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ga­za­nan be­lent ab­raý-mer­te­be­si­niň kök­le­ri­ni açyp gör­kez­mek, äh­mi­ýe­ti­ni, ma­ny-maz­mu­ny­ny halk köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­mek, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ga­za­ny­lan ta­ry­hy öz­gert­me­le­ri wasp et­mek we dün­ýä ýaý­mak, şeý­le-de 2021-nji — «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Sy­ýa­sy Ge­ňe­şi­niň hem-de «Wa­tan» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­nyň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­niň ka­ra­ry bi­len oky­jy­la­ryň ara­syn­da «Pa­ra­hat­lyk — ýü­rek baý­da­gy, Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diýen ugur boýunça ma­ka­la­la­ryň, oçerk­le­ri

Fotosuratçylaryň bäsleşigi

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer baş ýörelgesi esasynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar ýaşaýan, gurýan, döredýän türkmen halkymyz 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara besleýär. Berkarar türkmen döwleti geçen otuz ýylyň içinde asyrlara barabar ösüşleri gazanyp, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda dünýäni haýrana goýýan üstünlikleriň belent sepgitlerine eýe boldy we tutanýerli, halal zähmet bilen ösen döwletleriň hataryna goşulyp bilendigini dünýä äşgär etdi. 2021-nji ýylyň «Tükmenistan — parahatçylygyň we yanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň fotosuratçylaryny Watanymyzda bolup geçýän özgerişleri, türkmen ykdysadyýetiniň, syýasatynyň, medeniýetiniň, sungatynyň ösüşlerini teswirleýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny döredijilikli çeper beýan edýän ýokary hilli surat eserlerini döretmäge höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary bilen fotosuratçylaryň arasynda «Garaşsyz Türkmenistan fotosuratlarda» ugur boýunça fotosuratlaryň bäsleşigi yglan edildi.

Watan, seniň gudratyňa döneýin!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen gözel ada eýe bolan ýylymyzda elmydama uly harplar bilen ýazyp, gursagymyzda göterýän Watan sözüniň bolmagy dünýämizde iň bir ýakymly duýgulary oýardy. Şu sözlerem şeýle buýsançly duýgularyň esasynda beýan tapdy. Hormatly Prezidentimiz: «...Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy — tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy babatdaky garaýyşlarynda ýüze çykýar...» diýip belleýär. Munda çuň many bar. Çünki haýsydyr bir adam bilen söhbetdeş bolýarkaň, onuň Watan bilen baglanyşykly aýdyp berýän gürrüňleri hoş ýakýar. Hut şol gürrüňlerden hem onuň Watanyna nähili sarpa goýýandygyny, ony nädip ezizleýändigini duýmak bolýar. Ol döredijilik babatda-da şeýle. Watan hakynda ýazýarkaň, ähli ukyp-başarnygyň ýüze çykyp, zehiniň açylyp, ol iň bir ýürekden ýazylan eserleriň biri bolup çykýar.

Ýagşy sözden göwün teselli tapsyn!

Men 84 ýaşymyň ýedi ýaşyndan bärsini, okap, öwrenip, bilmäge çalşyp ýaşap ýörün. Häzirem ýylda 3-4 sany gazet-žurnala ýazylyp, olary yzygiderli okaýaryn. Kärim boýunça himiýa we biologiýa mugallymy. 53 ýyllap şu derslerden okuwçylara bilim berdim. Döwlet sylaglaryna, okuwçylarymyň, olaryň ata-eneleriniň, obadaşlarymyň hormatyna mynasyp boldum. Nusgawy şahyrlarymyzdan başlap, ondan bärdäki ýazyjydyr şahyrlarymyzyň, dünýä, rus, sowet edebiýatynyň görnükli wekilleriniň köpüsiniň diýen ýaly eserlerini okap çykdym. Şol kitaplar meniň gözýetimimi, dünýägaraýşymy giňeldipdi. Türkmen edebiýatynyň şamçyragy, genji-hazynasy, öçmez ýyldyzy Magtymguly pähimdarymyzyň dana goşgulary ylla daşa ýazylan ýaly ömürbaky ýadymda dur. Olar neneň unudylsyn?! Meniň Magtymguly atamyzy älem-jahana nur saçyp duran Güne, goşgularyny bolsa «Ýer göteren sary öküziň» (Magtymgulynyň goşgusyndan), ýagny Günüň san-sajaksyz şöhlelerine meňzedesim gelýär. Sebäbi onuň tematikasy Gün şöhleleri zeýilli uçursyz kän, sanap gutarar ýaly däl. Şolardan käbirini dile getireýin: Watanymyzy, il-günümizi, gözel tebigatymyzy söýmek, agzybirlik, dogruçyllyk, mertlik, wepalylyk, ata-ogul, dost-dogan gatnaşygy, rehimdarlyk, sahylyk, halallyk, alkyş almak, myhmansöýerlik, pähim-paýhaslylyk, geçirimlilik, öwüt-ündew, sabyrlylyk, şükürlilik, kanagatlylyk, göwünlik bermek — tesellilik, pespällik, dünýä akyl ýetirmek, töwekgellik, e

Hoş owazly bagşydy

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedow bilen maňa köp ýyllap duz-emek bolup gatnaşmak miýesser edipdi. Ol ýetginjeklik döwrümde menden Baýram şahyryň goşgulary ýerleşdirilen kitaby sorap alypdy. Balkan dagyny wasp etmekde meşhurlyk gazanan şahyryň goşgular ýygyndysyny ürç edip, ilik-düwme öwrenipdi. Ilkinji aýdymy bolan «Şaglap iner bürgütleri» bilen hem adygyp başlapdy. Bagşynyň ýognasdan dury sesi, labyzly owazy bardy. Hiç kimiňkä meňzemeýän arassa jukguldysy bilen hem tanalypdy. Meşhur Sahy Jepbarow oňa «Ors bagşy» diýip lakam goýdy. Şeýle diýilmezçe-de däldi. Sebäbi ol saryýagyz hem-de gök gözlüdi.

Sungat äleminde

Bagşyçylyk ýoly dowam edýär Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, eziz Watanymyzyň, bereketli topragymyzyň, mähriban enelerimiziň waspyny ýetirýän, şeýle-de, halk aýdymlary bilen halkymyzy begendirýän aýdymçy-sazandalaryň biri hem Tagtabazar etrabynyň Marçak geňeşligindäki Garly Durdyýew adyndaky oba medeniýet öýüniň müdiri Rozymyrat Orazowdyr.

Agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy

Milli terbiýe, milli häsiýet örän çuň düşünjelerdir. Diňe ýagşylyk düşünjesi arkaly milli terbiýäniňdir milli häsiýetiň esasy aýratynlyklaryny açyp görkezmek bolar. Çünki her bir zadyň başlangyjynda, isle ol terbiýe bolsun, isle iş bolsun, gözbaşda agzybirlik durýar. Şeýle bolansoň pederlerimiz agzybirlige synmaz gala hökmünde garapdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly», «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk — abatlyk», «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk — asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» ýaly bölümlerden ybarat. Bu ajaýyp kitapda agzybirlik düşünjesiniň özbaşdak bölüm edilip alynmagy çuň many-mazmuna eýedir. Agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy. Döwletlilik — bagtyýarlyk, şonuň üçin hem bu babatda pelsepewi pikir ýöredilende, agzybirlik ýaly milli häsiýete ünsi çekmezlik mümkin däl. Agzybirlik bolan ýerde bagt bar, agzybirlik bolan ýerde üstünlik bar, agzybirlik bolan ýerde aýdyň ertirlere ynam berkeýär.