Ajaýyp eserlerde Watan waspy

29 Ýanwar 2021
1773

Dünýä giňişliginde mynasyp orny eýeläp, BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty uly üstünliklere beslenýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy saýlap alan milli ösüş ýolumyzyň döredijilikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň edaralarynda dürli döwrebap medeni köpçülik çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ähli welaýat kitaphanalary hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde «Gahryman Arkadagymyzyň ylmy hem-de edebi çeper eserlerinde watançylyk temasy» atly wideoaragatnaşyk arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren gymmatly eserlerinde Watana bolan söýgi, dost-doganlyk, agzybirlik ündelýän temalar hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda kitaplar hakyndaky maglumatlary elektron ulgama geçirmek işi dogrusynda durlup geçildi. Munuň özi kitaphanalarda alnyp barylýan täze iş usullaryna kömek bolar. Bu çäre mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň kitaplary — watansöýüjiligiň belent nusgasy» ady bilen kitap sergisi hem guraldy.

Meňli MERDANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň medeni köpçülik işleri bölüminiň bölüm müdiri.