Türkmen halk döredijiligi özüniň köp görnüşliligi, ýordum köpdürlüligi taýdan örän baýdyr. Onda şadessanlar, dessanlar, rowaýatlar, ertekiler, matallar hem nakyllar bilen birlikde, halk aýdymsazlary hem birnäçe görnüşlere bölünýärler. Gadymdan galan nusgalary öwrenmek, baýlaşdyrmak hemme döwürdede örän derwaýys wezipedir. Şeýle hem, gadymy nusgalar öwrenilende, olar häzirki döwrümiziň talaplaryna laýyk öwrenilýär. Täze şertlere uýgunlaşdyrylyp, täze röwüş, öwüşgin berilýär. Muňa mysal hökmünde soňky ýyllarda Magtymguly adyndaky milli sazlydrama teatrynda gaýtadan we täze sahnalaşdyrylan «ŞasenemGaryp», «Görogly», «ÝusupZüleýha», «HüýrlukgaHemra», «Aşyk Çaňly» ýaly ölmezýitmez eserleri görkezmek bolar. Dessanlaryň esasynda döredilen operalar sungat eseri hökmünde has kämil, çylşyrymly çeper eserlerdir. Her bir sungat eserini aýdymlar, ariýalar, ariozalar, hor aýdymlary gözelleşdirýär. Olaryň her biriniň aňyrsynda durmuş owazyny, türkmen halkynyň ykbalynyň ýaňyny eşidýäris.
Hor aýdymlary gözbaşyny gadymy grek teatryndan alyp gaýdýar. Orta asyrlarda, gaýtadan döreýiş eýýamynda we soňky ýüzýyllyklarda opera sungatynyň bütin dünýäde ösmegi bilen, hor aýdymlary hem tenor, soprano, bas sesli we ýüzlerçe adamly toparlara çenli ösdürilýär.