Hakydada hemişelik galan

29 Ýanwar 2021
1798

Uzak ýyllaryň dowamynda sahnada ynandyryjy keşpleri janlandyrandygyna garamazdan, artiste tanymallyk haýsy hem bolsa bir ajaýyp, üýtgeşik sungat eserini döredenden soň gelýär.

Gürrüňini berjek bolýan sungat ussadymyza at-abraý, meşhurlyk kinorežissýor S.Garajaýewiň ýazyjy N.Jumaýewiň «Ýuwaş gelin» eseriniň esasynda 1970-nji ýylda surata düşüren «Ýuwaş gelin» çeper filminde döreden Maral ejäniň keşbi bilen bile geldi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýsoltan Berdiýewanyň Maral ejesi öz maşgalasy, hojalygy bilen gümra bolup ýören, göwnaçyk, ynanjaň, şadyýan, emma şol bir wagtyň özünde-de gaharjaň, hojalykda sözüni gögerdýän zenan ýaly bolup görünse-de, filmiň ahyrynda aňyrsynda hiç zat ýok, ýüregi mähirden doly hamrak enäniň keşbi janlanýar. Haçan-da, Maral eje gelni bilen sözi azaşyp, sene-mene edende, «Oglum gelnime azar beräýmesin» diýip, öýdäki tene şikes ýetiräýjek zatlary ýygnaşdyranda, onuň öňi bilen mähriban enedigine göz ýetirýäris. Uly ogly Jemşidi öýerip, gelen gelne guwanyp, agtyk söýmek arzuwyndaky enäniň ynandyryjy keşbi tomaşaçylary özüne çekýär. Biz Maral ejäniň şäherden lukmançylyk ugrundan ýaňy ýokary okuw mekdebini tamamlap gelen gelnine kürte atynyp, işe gatnamak baradaky talaplarynyň nädogrudygyna düşünsegem, nämüçindir, birbada Maral ejä ýüregimiz awap, onuň tarapyny çalýarys, misli öz ejemiz şeýle güne düşen ýaly kabul edýäris. Bu näme üçin beýlekä? Sebäbi aktrisa filmiň awtory, režissýory tarapyndan hödürlenen ýagdaýlara dogry düşünip, ynanylan keşbi ussatlarça ýerine ýetiripdir, tomaşaçyny ynandyrmagy başarypdyr, şonuň üçin bu filmi näçe görseň-de, ýadadanok. Bu keşp Maral eje bolup hakydalarymyzda hemişelik galan Aýsoltan Berdiýewanyň döreden iň şowly, naýbaşy keşpleriniň biridir. Elbetde, sahna ussadynyň dogabitdi zehini, uzak ýyllaryň dowamynda tanymal halypalardan alan sapaklary, tälimleri keşbi janlandyrmakda oňyn täsirini ýetiripdir.

Myratnyýaz GURBANÝAZOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.