Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedow bilen maňa köp ýyllap duz-emek bolup gatnaşmak miýesser edipdi. Ol ýetginjeklik döwrümde menden Baýram şahyryň goşgulary ýerleşdirilen kitaby sorap alypdy. Balkan dagyny wasp etmekde meşhurlyk gazanan şahyryň goşgular ýygyndysyny ürç edip, ilik-düwme öwrenipdi. Ilkinji aýdymy bolan «Şaglap iner bürgütleri» bilen hem adygyp başlapdy.
Bagşynyň ýognasdan dury sesi, labyzly owazy bardy. Hiç kimiňkä meňzemeýän arassa jukguldysy bilen hem tanalypdy. Meşhur Sahy Jepbarow oňa «Ors bagşy» diýip lakam goýdy. Şeýle diýilmezçe-de däldi. Sebäbi ol saryýagyz hem-de gök gözlüdi.