"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Ysy başgadyr»

(Meşhur bagşy Sahy Jepbarowyň ömrüne dahylly üç pursat) 1

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Nesil» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent üstünliklerine beslenýär. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli edep gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar giň gerimde ösdürilýär.

Watan hakda söz açsaň...

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýewiň «Watan jandan ileri» atly pýesasy esasynda goýlan adybir sahna oýny hakda söhbet Uzak garaşdyran arakesmeden soň, bu gün teatryň tomaşaçylary ýetikdi. Edil şu pursat teatr bilen tomaşaçylaryň arasynda bitewi bir sazlaşyk döräpdi. Bu ýere ýygnanan sungat muşdaklary ömürboýy Watan didaryny küýsäp, bütin ömrüne Watan zaryny çekip ýaşan zenanyň ykbaly hakyndaky oýna tomaşa edýärdiler. Bu ýere gelenler edil dil birikdiren ýaly, birde ellerini eňeklerine diräp, birde dyzlaryna urup, birde başlaryny ýaýkap... özlerinden biygtyýar oýundaky wakalar bilen ýaşaýardylar. «Watan-ow, Watan!» diýip döken gözýaşlaryndan ýaňa gözleri sokur bolan garry enäniň halyna gynanyp, owasyndan biygtyýar syrygýan gözýaşlaryny sylýanlar-da az däldi. Hamala, olara näbelli güýç perman berip duran ýalydy. Ol güýç täze eseri döredijileriň birleşen tagallasynyň miwesidi.

Sungatyň terjimeçisi

Sungaty öwrenijileriň sungat eserlerini görüşleri-de üýtgeşik bolýar. Umuman, bu olaryň dünýäsiniň, dünýägaraýşynyň giňligi üçin şeýle. Sebäbi sungaty öwrenijiler hemişe sungaty öwrenýändikleri üçin olaryň nazaryýeti ideallygy bilen tapawutlanýar. Sungaty öwreniji — sungat eseri bilen tomaşaçynyň arasyndaky dilmaç, mahlasy, sungatyň terjimeçisi. Şonuň üçin olaryň sungat hakyndaky gürrüňlerem başgaça — manyly, maňyzly. Biz şeýle sungaty öwrenijileriň biriniň döredijiligi hakynda söhbet açmagy müwessa bildik. Çünki onuň gürrüňleriniň gyzykly bolşy deýin, döredijilik ýoly-da gyzykly.

Ylham joşguny

Abadan iller Agzybirlik bilen joşýar,Erkana abadan iller.Watan görküne görk goşýar,Görkana, abadan iller.

Bagtyň sakasy

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş çärelerini, ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesi esasynda terbiýelemegi wagyz etmek maksady bilen, «Saglyk — sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatdaky çykyşlarda saglyk, onuň ähmiýeti, bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda il-günüň sagdyn durmuşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler dogrusynda gürrüň edildi. Ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy bolan ynsan saglygy baradaky alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döwlet syýasatynyň aýratyn möhüm ugry hökmünde ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary, ony işjeň wagyz edýän döwlet Lideri hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär. Ýaşlary sporta çekmekde, ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde amala aşyrylýan asylly işler barha rowaçlanýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlik gazanýan türgenlerimiziň sany barha köpelip, dünýäde türkmen sportunyň abraýy barha belende galýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna, dürli sport bäsleşikleridir dabaraly çärelere beslenip geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan tutumly işleriň özboluşly beýanydyr.

Sahnada «Yşkyň gämisi»

Ýakynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahnasynda dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň edebi eseri esasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Yşkyň gämisi» atly spektakl tomaşaçylara görkezildi. Teatr möwsüminiň açylyşyna bagyşlanan täze spektaklyň sahna bezegini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maksat Amangylyjow, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew bilen Süleýman Hojamyradow ýerine ýetirdiler. Spektaklda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Selbi Nyýazowanyň ýerine ýetiren sazlary ýaňlandy. Sahna oýnunda ýaşlaryň aýdym-saz sungatyna belent söýgüsi maşgala mukaddesliklerine goýulýan hormat bilen bilelikde beýan edilýär. Baş keşplerde çykyş edýän ýaş artistler Begenç Garlyýew, Merjen Garlyýewa, Dilşat Meläýewa özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Halypalar Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ejebaý Kasymowanyň, Gülşat Tahyrowanyň janlandyran keşpleri tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Tejribe alşyldy

Ýakynda Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebi bilen Daşoguz welaýat Ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly usuly-okuw maslahat hem-de ussatlyk sapagy geçirildi. «Saz nazaryýetiniň häzirki zaman usullary» atly usuly-okuw maslahaty hem-de ussatlyk sapagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýyla bagyşlandy. Oňa iki welaýatyň Ýörite sungat mekdepleriniň tejribeli mugallymlary gatnaşdy. Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň müdiri Baýramdurdy Artykow wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän usuly-okuw maslahaty hem-de ussatlyk sapagyny açyp, onuň ähmiýeti barada gürrüň etdi. Usuly-okuw maslahatynda hem-de ussatlyk sapagynda mowzuklaýyn çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary P.Hudaýarowanyň «Çagalar sungat mekdeplerinde solfejio dersini okatmagyň meseleleri», M.Hudaýarowyň «Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminde täze maksatnama boýunça işleniliş usullary», P.Ýalmanowyň «Saz teoriýa dersiniň öwrenilmegi», P.Aşyrberdiýewiň «Dünýä saz sungaty» atly çykyşlary örän täsirli boldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegi, kämilleşmegi we dünýä çykmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda döwrebap

Diňe sungat hakynda

Ýylyň görki bahar bolar, ýaz bolar. * * *

Watana hyzmat — abraý hem-de hormat

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Kanunlaryna gol çekdi. Şu Kanunlara laýyklykda, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlary döredildi. Şeýle hem bu hormatly atlaryň Düzgünnamasy we döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysy tassyklanyldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň baý milli mirasy we milli gymmatlyklary bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň öwrenilmegine, kämilleşdirilmegine we wagyz edilmegine, şonuň netijesinde şan-şöhratynyň dünýä dolmagyna, meşhurlygynyň artmagyna möhüm ähmiýet berýär. Şu maksat bilen, bu ugurda ýurdumyzda giň gerimli we köptaraply işler alnyp barylýar.

Täze sahna eseri

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzyň teatr işgärleri täze sahna eserleri bilen tomaşaçylary begendirip durýarlar. Welaýat döwlet drama teatrynda režissýor Öwezmämmet Galandarowyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň «Sagbol, durmuş» we beýleki goşgularynyň esasynda goýan monology hem şeýle sahna eserleriniň üstüni ýetirdi. Artist Rejepgeldi Nazgurbanow şahyryň keşbini ussatlarça janlandyryp, tomaşaçylaryň berekellasyna mynasyp bolmagy başardy. Teatryň suratkeşi Kuwwat Mämmetnepesow tarapyndan bezeg işleri ýerine ýetirilen döwrebap sahnada güýz hem-de ýaz pasyllarynyň gözel görnüşi, tolkun atýan mawy deňiz, dürli reňkdäki çyralar bitewi kompozisiýany emele getirdi. — Maňa: «Sahna eserini goýanyňyzda, näme üçin şahyr Gurbannazar Ezizowy we onuň goşgularyny saýlap aldyňyz?» diýip sowal berenler az bolmady. Men olara: «Haçan-da siz monospektakla tomaşa edeniňizde, bu sowalyňyza anyk jogap tapyp bilersiňiz» diýip aýtdym. Käbir spektakla gowy düşünmek üçin, oňa azyndan 4-5 gezek tomaşa etmeli bolýar. «Sagbol, durmuş» atly monospektakla tomaşaçylaryň ünsli tomaşa etmekleri, goşgynyň joşgunly ýerinde şowhunly el çarpmaklary meni has-da begendirdi. ªol pursada zähmetimiziň ýerine düşdügi diýip düşünýärin. ªahyryň goşgularynyň her bir setirini ýüregime ýakyn saýýaryn. Onuň goşgulary Watany, adamlary, d

Ökdeler öňe saýlandy

Türkmen milli sazlarynyň müň röwüşli öwrümleriniň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek, bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, dutar ussaçylygynyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek we ýaş nesillerde halk aýdym-sazlaryna söýgi döretmek babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Şeýle maksat bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde ýurdumyzyň dutar ussalarynyň, bagşy-sazandalarynyň arasynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bäsleşigi yglan etdi. Ýaňy-ýakynda bu bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşanlar Düzgünnama esasynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň her ugruna eminler tarapyndan adalatly baha berlip, ýeňijiler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomlary we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Döwletliligiň aýdyň beýany

Ata-baba akyl-paýhasa sarpa goýup gelýän halkymyz üçin kitapdan gymmatly hazyna ýokdur. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ylmy çeşmedir. Bu gymmatly kitapda Watan düşünjesi, millilik, geçmişiňe sarpa goýmak ýaly asylly pikirlere we ýörelgelere giň orun berilýär. Mähriban Arkadagymyzyň dana pikirlerinden, umman ýaly giň hem-de çuňňur gözýetiminden dörän kitabynda şöhratly ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň many-mazmuny, däp-dessurlary we olaryň her bir adam üçin döwrebap durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde ähmiýeti aýdyňlyk bilen görkezilýär.

Aşgabat — gaýtalanmaz gözelligiň nusgasy

Watanymyzyň ýüregi — paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň dabaraly toýunyň öňüsyrasynda onuň dünýäniň iň gözel we iň abadan şäherleriniň birine öwrülendigini nygtamak kalbymyzdaky buýsanç duýgularyny has-da artdyrýar. Aziýanyň merjen şäheri Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak meseleleriniň Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde durýandygy guwandyryjy hakykatdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda kämil şäher düzümi kemala getirilýär, dünýäniň öňdebaryjy gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Ýagşylyk ýoly — ýaşaýşyň ýörelgesi

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 29-njy martynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda döwletli Karara gol çekmegi watandaşlarymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Şeýle başlangyjyň hut milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülmegi ata-baba dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgäniň has täze röwüşde ýüze çykmasydyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen täze gazna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň bu gazna aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirmegi halkymyzyň arasynda haýyr-sahawat işiniň giň gerim almagyna badalga boldy. Ýagşy häsiýetleriň, makul edim-gylymlaryň hemmesi-de eý görülýär. Dogrusy, olaryň birini apalap, beýlekisini peslär ýaly däl. Üstesine-de, ýürekdäki ýagşy niýetden başlap, il nazaryny özünde jemleýän, uly-kiçiň alkyşyna, at-abraýa atarýan amallar, hereketler rysgal-berekediň artmagynyň esasy çeşmesi hasaplanýar. «Her bir ýagşy gylygyň öz şatlygy bolýar. Şol häsiýeti ýok adamlar ony duýup bilmezler» diýip, gadymy kitaplarda ýazylypdyr. Ynsanyň gowulygy hem, aslynda, gowy häsiýetleriniň möçberi bilen kesgitlenilýär. Ýagşy häsiýetleriňiz näçe köp bolsa, siz şonça-da gowy adamsyňyz.

Göwün garagumy küýseýär

(Soňy. Başlangyjy gazetimiziň 40-njy sanynda). Agtyjagy Humaýyň başga zat däl-de, ala-böle kitap soramagy Baýram agany ýene-de ýakymly duýgulara dolady. Asla-ha, Gülzada gelneje bilen ikisinden ösüp-örňän çagalar, agtykdyr çowluklar, tüweleme, bir syrgyn oba boluberjek. Iň uly ogullary Serdar inžener-gurluşykçy, onuň talyp ogly Didar her gezek teleýaýlymda saz çalanda, gulak gerip, on iki süňňi bilen galkyjyklaýan ata buýsanjyndan uçaýjak bolýar. Ondan kiçisi Şatlyk inžener-gidrotehnik, dört çaganyň kakasy. Gyzlary Oguljan şepagat uýasy, üç gyzyň ejesi. Ondan kiçi gyzlary Ogulşirin hem lukman. Üç çagasynyň içinde talybam bar, okuwçysam. Baýram aga diňe agtyklary däl, çowluklary Möwlamberdi, Mälik, Abraý, Sanjar, Humaý dagynyň hem iňlis, rus dillerini suwara bilşine monça bolýar. Birdenem: «Biziň türkmen dilimiziň gadyr-gymmatam kem däl-le» diýeninem duýman galýar. Munuň sebäbi ýadyna düşende bolsa heziller edip ýylgyrýar.

Garaşsyzlygyň gülleri

Ybraýymyň çaý içip mazasy bolmady. Daşardan gelýän şybyrdynyň has äşgär eşidilip ugramagy ýagşyň kiparlaman, barha gylaw alýandygyndan habar berýärdi. «Bir käse çaý içip-içmänkäň, menem gelerin» diýip giden gelni, ol-a bir käsemiş, bir çäýnek çaý içesi salym geçse-de, gözüni görkezmese näme? Ybraýym tarsa galşyna, bir bökende penjiräniň öňünde häzir boldy. Kimdir birine gürrüň berýän ýaly, buduna şapladyp urdy-da, diline bat berdi: «Serediň, onuň başyny galdyrman işläp durşuna! Gury çöpe ot berlen deýin tutaşan ýagyş onuň piňine-de däl. Çyplaň geýnipdir özem. Çyg endamyna şapba geçensoň-a, bilerem welin... ezilmänkä ýektaýyny elteýin». Onuň geregini tapyp, işigiň agzyna barany hem şoldy welin, durşuna ýylgyrma berlip, Gülsona öýe girdi. Onda bazardan sowgatly gelen kakasyny garşy alýan çaganyň begenji bardy.

Milli saz sungatymyzyň beýany

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda bilelikde yglan eden bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzyň etraplaryndan we Tejen şäherinden ildeşlerimiz gatnaşdy. Türkmen milli sungatynyň özboluşly ugurlarynyň biri hökmünde dutar sazlarynyň müň röwüşli öwrümleriniň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek, bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, ony geljekki nesillere ýetirmek, dutar ussaçylygynyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek, ýaşlarda özboluşly, kalba ýakymly owazy bilen meşhurlyk gazanan türkmen halk aýdymdyr sazlaryna söýgi döretmek maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşyjylar, ilki bilen, medeni ojagyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide milli saz gurallaryna, şol sanda dutardyr gyjagyň dürli nusgalaryna, dutar ýasamak senetçiligine degişli gurallara, bagşyçylyk sungatyna degişli maglumatlara, muzeý gymmatlyklaryna aýratyn orun berildi.

Baş baýlygyň şekillerdäki beýany

Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli açylan sergi «Baş baýlygym — saglygym» diýlip atlandyryldy. Sergi halypa suratkeşleriň dürli ýyllarda döreden eserleri bilen başlanýar. Olaryň arasynda Ýakup Annanurowyň «Enelik», «Sagalýan», Nyýazmyrat Dowodowyň «Şepagat uýasy», Annadurdy Almämmedowyň «Irki bahar», Jumadurdy Bekdurdyýewiň «Aşyk oýny» ýaly eserleri bar. Ynsan saglygy sport, bedenterbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Suratkeş Tamara Kiselýowanyň «Sambo boýunça dünýä çempiony Jennet Geldiýewanyň portreti» atly eseri sagdynlygyň, berk bedenliligiň ynsan elleriniň esasy güýç çeşmesidigini beýan edýär. Jumadurdy Bekdurdyýewiň «Ajaýyp gün» atly eserinde tebigatda dynç almagyň ynsan saglygyna oňyn täsirini şöhlelendirýär. Ony synlanyňda, arassa howanyň, daragtlaryň, tebigat gözelliginiň adam saglygyna peýdaly täsirini duýmak bolýar.

Jemgyýetiň ruhy sütüni

Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, ony täzeçil öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga, kämilleşdirmäge, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge döwlet derejesinde uly üns bermeginiň, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleri döretmeginiň özeninde çuňňur many bar. Sebäbi medeniýetimiz we sungatymyz döwrümiziň, jemgyýetimiziň ruhy sütüni bolmak bilen, halkymyzyň taryhyň bütin dowamynda gazanan üstünliklerini, Ýer ýüzünde bitewi bir millet hökmünde ýeten belent derejelerini, umumadamzat ösüşine goşan mynasyp goşandyny özünde jemleýär, ýagny şolary bir bitewi sazlaşyklylykda wasp edýär, dünýä ýaýýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gadymylygy, täzeçilligi bilen Ýer ýüzüniň ähli halklarynyň ünsüni özüne çekmegi başaran medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşlere beslenýändigini, halkymyzyň baý medeni mirasy bilen adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşan milletdigini, medeniýetimize we sungatymyza bu günki gün uly sarpa goýulýandygyny nygtaýan milli Liderimiziň parasatly döwlet syýasatynda bu ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýändigi we pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyzdyr ýol-ýörelgelerimizi berjaý etmekde, olara hormat-sarpa goýmakda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk görelde bolýandygy biziň hemmämizi buýsandyrýar.