Göwün garagumy küýseýär

7 Aprel 2021
1284

(Soňy. Başlangyjy gazetimiziň 40-njy sanynda).

Agtyjagy Humaýyň başga zat däl-de, ala-böle kitap soramagy Baýram agany ýene-de ýakymly duýgulara dolady. Asla-ha, Gülzada gelneje bilen ikisinden ösüp-örňän çagalar, agtykdyr çowluklar, tüweleme, bir syrgyn oba boluberjek. Iň uly ogullary Serdar inžener-gurluşykçy, onuň talyp ogly Didar her gezek teleýaýlymda saz çalanda, gulak gerip, on iki süňňi bilen galkyjyklaýan ata buýsanjyndan uçaýjak bolýar. Ondan kiçisi Şatlyk inžener-gidrotehnik, dört çaganyň kakasy. Gyzlary Oguljan şepagat uýasy, üç gyzyň ejesi. Ondan kiçi gyzlary Ogulşirin hem lukman. Üç çagasynyň içinde talybam bar, okuwçysam. Baýram aga diňe agtyklary däl, çowluklary Möwlamberdi, Mälik, Abraý, Sanjar, Humaý dagynyň hem iňlis, rus dillerini suwara bilşine monça bolýar. Birdenem: «Biziň türkmen dilimiziň gadyr-gymmatam kem däl-le» diýeninem duýman galýar. Munuň sebäbi ýadyna düşende bolsa heziller edip ýylgyrýar.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar