Ybraýymyň çaý içip mazasy bolmady. Daşardan gelýän şybyrdynyň has äşgär eşidilip ugramagy ýagşyň kiparlaman, barha gylaw alýandygyndan habar berýärdi. «Bir käse çaý içip-içmänkäň, menem gelerin» diýip giden gelni, ol-a bir käsemiş, bir çäýnek çaý içesi salym geçse-de, gözüni görkezmese näme?
Ybraýym tarsa galşyna, bir bökende penjiräniň öňünde häzir boldy. Kimdir birine gürrüň berýän ýaly, buduna şapladyp urdy-da, diline bat berdi: «Serediň, onuň başyny galdyrman işläp durşuna! Gury çöpe ot berlen deýin tutaşan ýagyş onuň piňine-de däl. Çyplaň geýnipdir özem. Çyg endamyna şapba geçensoň-a, bilerem welin... ezilmänkä ýektaýyny elteýin». Onuň geregini tapyp, işigiň agzyna barany hem şoldy welin, durşuna ýylgyrma berlip, Gülsona öýe girdi. Onda bazardan sowgatly gelen kakasyny garşy alýan çaganyň begenji bardy.