Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Kanunlaryna gol çekdi. Şu Kanunlara laýyklykda, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlary döredildi. Şeýle hem bu hormatly atlaryň Düzgünnamasy we döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysy tassyklanyldy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň baý milli mirasy we milli gymmatlyklary bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň öwrenilmegine, kämilleşdirilmegine we wagyz edilmegine, şonuň netijesinde şan-şöhratynyň dünýä dolmagyna, meşhurlygynyň artmagyna möhüm ähmiýet berýär. Şu maksat bilen, bu ugurda ýurdumyzda giň gerimli we köptaraply işler alnyp barylýar.