Bagtyň sakasy

9 Aprel 2021
1329

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş çärelerini, ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesi esasynda terbiýelemegi wagyz etmek maksady bilen, «Saglyk — sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatdaky çykyşlarda saglyk, onuň ähmiýeti, bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda il-günüň sagdyn durmuşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler dogrusynda gürrüň edildi.

Ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy bolan ynsan saglygy baradaky alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döwlet syýasatynyň aýratyn möhüm ugry hökmünde ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary, ony işjeň wagyz edýän döwlet Lideri hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär. Ýaşlary sporta çekmekde, ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde amala aşyrylýan asylly işler barha rowaçlanýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlik gazanýan türgenlerimiziň sany barha köpelip, dünýäde türkmen sportunyň abraýy barha belende galýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna, dürli sport bäsleşikleridir dabaraly çärelere beslenip geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan tutumly işleriň özboluşly beýanydyr.

Amangül KARAKULOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar