Gadymyýetiň şöhratly sahypalary
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda jemgyýetçilik-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmäge, medeni mirasy, taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenmäge, rejelemäge, olary bütin dünýäde wagyz etmäge uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy oktýabrda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşygyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar. Forumyň çäklerinde myhmanlar üçin gadymy Änew galasyna we meşhur Seýit Jemaleddin ýadygärligine gezelenç guralyp, olary ylmy esasda öwrenmek barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Şeýle-de sanly ulgam arkaly Italiýanyň we Çehiýa Respublikasynyň alymlary hem goşuldylar. Gazetimiziň şu sanynda foruma gatnaşyjylaryň käbirleriniň pikir-garaýyşlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.