Çykalga

21 Oktýabr 2024
336

(Hekaýa)

Magtymgulynyň oba oglanlaryny okadyp başlan ýyllarydy. Şol ýylam gyşyň kyrk çillesi diýseň gazaply geldi. Gije-gündizläp ýagan gar eremän, ýer bagyrtlap ýatdy. Gijeleriň şatylama aýazy hemmeleriň ýüregine dowul salýardy. Okuwa gatnaýan çagalaryň gün-günden azalmagy şahyry hem oýa batyrýardy. Serine her hili pikirler gelip geçýärdi. «Howa sowuk, köp hojalyklarda odun gutardy diýen ýaly. Okuwdan rugsat sorap, çagalaryny meýdana odun ýygmaga alyp gidýän ata-eneleriň sany köpeldi. Az çaga bilen okuwy dowam etdirmek gelşiksiz, galyberse-de, gatnaşmadyklar geçilenleri özleşdirip bilmez. Beýle ýagdaýda okuwy dowam etdirmek gowy däl. Eýsem, näme etmeli?!»

Ödegeldi KULYÝEW,
Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjysy.