Gözellik dünýäsi

17 Oktýabr 2024
334

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde zehinli nakgaş Öwezmuhammet Akmuhammedowyň döredijilik sergisi guraldy. Döredijiliginde bagtyýar zamanamyzyň waspy, türkmen tebigatynyň täsinlikleri, oba durmuşy ýaly temalara uly üns berýän nakgaşyň sergide 70-den gowrak eseri görkezilýär. Olaryň arasynda «Kalbymyň owazy», «Näzli», «Bagtly maşgala», «Ýaş gelin», «Gyzyl ketenä bagyşlanan sena», «Asudalyk» ýaly eserler gözellik dünýäsi bolup tomaşaçylaryň ýüregine dolýar. Şeýle-de bu ýerde nakgaş Ö.Akmuhammedowyň kakasy halypa nakgaş Şamuhammet Akmuhammedowyň milli öwüşginlere baý bolan on bir eseri görkezildi.

Ýörite habarçymyz.