Taryha ýazylan gadymy Änew

17 Oktýabr 2024
291

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şöhratly taryhymyzyň şanly sahypalaryny öwrenmekdäki, milli medeniýetimizi döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmakdaky beýik işleri  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy esaslarda has baýlaşýar. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde 2023-nji ýylyň noýabrynda geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi onuň buýsançly dabaralanmasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly pikirleri,  taryhymyzyň şanly wakalary hakynda ylmy açyşlary özünde jemleýän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine sowgat bermegi döwürleriň arabaglanyşygyna çuň mazmun berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, dünýäniň taryhynda halkymyzyň mynasyp orny bar. Şonuň üçin türkmen halky örän gadymy taryhyň we baý medeni mirasyň eýesidir. Biz bu mirasa guwanýarys we oňa aýawly garamaga hem-de geljekki nesiller üçin gorap saklamaga uly üns berýäris.

Guwanç SEÝIDOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Mary welaýat adalat bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.