"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

DABARA GEÇIRILDI

25-nji oktýabrda Änew şäherçesiniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Ahal welaýat häkimliginiň medeniýet müdirliginiň guramagynda meşhur sazanda türkmen mukamynyň goja bagbany Mylly Täçmyradowyň şägirdi, Türkmenistanyň halk artisti Jepbar Hansähedowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Dutara dil bitiren halypa» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň belli sazandalary, bagşylary, sazandanyň kowum-garyndaşlary gatnaşdylar we onuň ömri, döredijiligi barada gyzykly gürrüňler etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalary, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan uly üstünlikler medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar.

Sahna — dostluk köprüsi

18-20-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly uly üstünliklere beslenip geçirildi 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş eden ýurdumyzyň we dostlukly ýurtlaryň tanymal sahna ussatlary halkara medeni çäräniň türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä bolup toýlanylýan ýylynda geçirilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Festiwalda görkezilen spektakllar dostlukly halklaryň milli däp-dessurlary, ruhy-ahlak gymmatlyklary, halk döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilikleri döretdi.

Muzeýlere bagyşlanan maslahat

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Muzeýler birleşiginiň baş utgaşdyryjysy Jawid Möwsümliniň guramagynda TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň her ýylda geçirilýän jemleýji maslahaty boldy. Maslahaty bu halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew açyp, guramanyň alyp barýan işlerine ýardam edýändikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny bildirdi. Ol halkara derejesinde hereket edýän muzeýler, olaryň alyp barýan işleri, 27-nji martda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen maslahatlaryň ähmiýeti dogrusynda belledi. Şeýle-de TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan «Türk dünýäsiniň iň gowy muzeýi» atly bäsleşiginiň yglan ediljekdigini, her ýylyň ahyrynda bäsleşigiň jemini jemlemek bilen, ýeňiji bolan muzeýe gurama tarapyndan «Türk dünýäsiniň iň gowy muzeýi» diýen derejäniň we baýragyň gowşuryljakdygyny maslahata gatnaşanlaryň dykgatyna ýetirdi.

Medeni habarlar

Ynsanyň wepaly dosty

Aýly agşamyň söhbedi

«Miras» teleýaýlymynda her hepdede ýaýlyma goýberilýän «Aýly agşamyň owazy» atly gepleşik indi ençeme ýyldan bäri tomaşaçylaryň göwnüni awlap gelýär. Gepleşigiň her sanynda geçen asyrda ýaşap, aýdymlary bilen kalplara siňen meşhur aýdymçylar Öwezgeldi Tekäýewiň, Annaberdi Atdanowyň, Nurýagdy Tokgaýewiň, Saparmyrat Babaýewiň, Gurbanmyrat Dagbaşyýewiň sungat ýoly bilen birlikde döwrüň ýaş aýdymçylary barada-da gyzykly gürrüňler berilýär, olaryň arhiw ýazgylaryndan aýdymlary ýaýlyma goýberilýär. Men bu gepleşigiň her sanyna höwes bilen tomaşa edýärin, onda ýaşlyk döwrümde çeper höwesjeňleriň festiwallarynda bileje çykyş eden boýdaşlarymy görüp begenýärin. Bu gepleşik olar bilen didarlaşmaga, gatnaşygymyzy dowam etmäge mümkinçilik açdy. Öňräk Aşgabada baranymda, «Aýly agşamyň owazy» gepleşigini gurnaýjy we alypbaryjy Nartäç Ataýewa bilen söhbetdeş bolanymda, ol şeýle diýdi:

Astrahandaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly edebi agşam geçirildi

Ýakynda Astrahandaky General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly edebi agşam geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde, institutyň we Astrahan oblastynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň bilelikde guramagynda geçirildi. Döredijilik agşamyna Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) diplomatlary, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri, institutyň ýolbaşçy düzümi we talyplary, Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň müdiri, mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

Ylham ýaýlasyndaky owaz

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli Kararyndan joş alýar Ylham owazy. Ol hemişe biziň kalbymyzda ýaňlanyp dur. Daş-töweregimizdäki gözellikler, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar ony joşa getirýär. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda gol çeken Karary bu owazy has-da joşdurdy.

«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana»

Ýakynda paýtagtymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine we Gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirildi. Baý many-mazmuna beslenen teatr festiwalynyň çäklerinde birnäçe medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly medeni çäräniň açylyşy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçirildi. Oňa gurama agza ýurtlardan gelen medeniýet we sungat ussatlary bilen birlikde Hökümet agzalary, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Sungata sarpaly nesillerimiz bar

Täze taryhy döwürde medeniýeti, sungaty ösdürmek, ýaş nesillere döwrebap bilim berlişiniň hilini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.  Ylym-bilim, medeniýet we sungat halkyň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň ruhy dünýäsini kämilleşdirmekde, aň-düşünjesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Ýaşlary milli gymmatlyklarymyza, däp‑dessurlarymyza buýsançly nesiller edip terbiýeläp ýetişdirmek, olara müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwretmek möhüm wezipedir. Bu gün ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýlelikde, ajaýyp döwrümize mynasyp ylymly-bilimli, medeniýetimize, sungatymyza sarpaly nesiller kemala gelýär. Häzirki wagtda sungaty söýýän ýaşlardan düzülen aýdym-saz toparlarynyň, ýekelikde aýdym aýdýan zehinli ýaşlaryň, eziz Diýarymyzyň gözelliklerini açyp görkezýän ajaýyp suratlary çekýän sungaty söýüjileriň sanynyň barha köpelýändigi bizi diýseň begendirýär. Olaryň medeniýetde we sungatda öçmejek yz goýan halypalaryň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanmaklary, halypalaryň sungatda goýan özboluşly ýollaryny döredijilikli öwrenmekleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Pyýala saz guraly

Türkmenlerde käsede saz çalmak däpleri öz köklerini juda gadymdan alyp gaýdypdyr. Ol barada türkmen topragynda ýazylan orta asyr ylmy çeşmelerinde bellenilýär. Olarda bellenilişi ýaly, pyýala saz guraly ansambl, orkestr saz guraly hökmünde belli bolup, ol beýleki kirişli, üflenip, kakylyp çalynýan saz gurallary bilen birlikde çalnypdyr. Türkmeniň «Pyýala» sazy we saz guraly halkymyzyň dürli närselerden ýakymly owaz döredip bilendigini tassyklaýar. Türkmen «Pyýala» sazyny ýerine ýetirmek üçin kakylanda çykarýan owazy yzygiderli ses belentligine eýe bolan 9-dan 14-e çenli dürli käseler saýlanyp alnypdyr. Şeýle käseleriň sesleriniň çäginde ençeme türkmen halk heňlerini ýerine ýetirip bolýar. Häzirki döwürde käbir folklor saz toparlarynyň çykyşlarynda türkmeniň gadymy pyýala saz guralynyň özboluşly ýakymly owazy ýaňlanýar.

Ýakymly duýgulary eçilen pursatlar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan milli teatr sungatyny ösdürmek, onuň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek babatda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, milli teatr sahnalarynda döwrüň ruhuna laýyk gelýän eserleriň döredilmegine, sahna ussatlary üçin ýokary amatlyklaryň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatdan, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berlen köp sanly teatrlaryň kaşaň binalaryny mysal getirmek bolar. Teatr sungatynyň özboluşly dünýäsi bar. Ol şöhratly taryhymyz, bagtyýar şu günümiz, ýaşaýyş-durmuşymyz, ykbal öwrümlerimiz bilen bagly wakalary öz içine alýar. Ýazyjylar, dramaturglar ony kagyz ýüzüne geçirip, ajaýyp eser döretseler, teatr artistleri sahnada janlandyryp, tomaşaçylara ýetirýärler. Şowly çykan sahna oýny tomaşaçyny özüne kökerýär, onuň ýakymly täsirleri uzak wagtlap hakydalarda galýar.

Saz dünýäsiniň ägirdi

Mukamly dünýä. Onuň syrlylygy, jadylylygy kalbynda zehin üşügi bolany dessine özüne kökerýär. Türkmeniň meşhur sazandasy Täçmämmet Suhangulyýew hem köňli sungata örklenen ýiti zehinlerdendi. Golaýda Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda halypa sazanda Täçmämmet Suhangulyýewiň doglan gününiň 160 ýyllygy mynasybetli «Halypalaryň mekdebi — halkyň ruhy mirasy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda halypa bagşy-sazandalar, saz öwreniji alymlar, medeniýet işgärleri söz sözlediler, halypa sazandany ýatladylar, onuň döredip giden mukamlarynyň gymmaty hakynda aýratyn durup geçdiler. Duşuşykda meşhur sazşynas, Türkmenistanyň halk artisti Amanöwez Saparow Täçmämmet aganyň Gulgeldi ussadan tälim alandygyny, ýigitkä Amangeldi Gönübek bilen görşendigini, Kel bagşy ady bilen adygan — Allaberdi Aýdogdy ogly bilen köp tirkeşendigini gürrüň berdi. Kel bagşynyň hem Täçmämmet aga öwreden zatlarynyň az-küje däldigini halypa aýratyn belledi.

Medeniýetiň baýramy – dost-doganlygyň baýramy

Bakylygy hemra edinen dostluk 16 – 17-nji oktýabrda ýurdumyzda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Bu döredijilik çäresi iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýürekdeşlik we dostluk ruhy bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiz we sungatymyz şanly rowaçlyklara, ozal görlüp-eşidilmedik üstünliklere beslenýär. Muňa ýakynda merjen paýtagtymyz Aşgabatda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň, şeýle-de Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň ýokary derejede guralandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýürekdeşlik we dostluk ruhy bilen geçirilen bu halkara derejesindäki çäreler oňa gatnaşyjylaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, doganlyk halklaryň medeni däpleri bilen tanyşmakda, döredijilik hem-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde giň gerimli sungat baýramçylygyna öwrüldi. Bu halkara derejesindäki çärelerde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä halklaryny ruhy taýdan birleşdirýändigi, tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyna öwrülendigi barada edilen çykyşlar tutuş halkymyz bilen birlikde bizi — geljekki medeniýet-sungat işgärlerini has-da buýsandyrdy. Dostlukly ýurtlaryň görnükli sahna ussatlary institutymyzyň talyplary bilen duşuşyp, okuw we ýaşaýyş şertlerimiz bilen ýakyndan tanşanlarynda, bize ukyp-başarnygymyzy artdyrmagymyz, zehinimizi taplamagymyz üçin döredilýän mümkinçiliklere haýran galdylar. Biz ýurdumyzyň medeniýet-sungat işg

HALYPA SAZANDANYŇ HATYRASY

Ýaňy-ýakynda Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde halypa sazanda, mukamçy kompozitor Täçmämmet Suhangulyýewiň doglan gününiň 160  ýyllygy mynasybetli döredijilik agşamy guraldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen bu döredijilik agşamyna ýurdumyzyň meşhur sazandalary, bagşylary, sazşynaslary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Gökdepe etrabynyň medeniýet merkeziniň režissýory Nurmuhammet Annaýew döredijilik agşamyny dabara bilen açdy we milli aýdym-saz sungatymyzyň ägirt halypalaryna çuňňur sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köňül hoşallygyny beýan etdi. Soňra halypa sazşynas Amanöwez Saparowa söz berildi. Halypa Täçmämmet Suhangulyýewiň ömri-döredijiligi we döreden saz eserleri hakynda giňişleýin gürrüň berdi.

Milli terbiýe – görelde mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyz-dan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Zähmet adamy bagta ýetirýär. Her bir ynsan ýaşlykdan haýsydyr bir kesp-käri saýlaýar. Bilşimiz ýaly, islendik hünäre ýaşlykdan başlanylsa, hem-ä çalt öwrenmäge, hem-de ökde, ussat hünärmen bolup ýetişmäge ýardam berýär. Ýaş nahalyň berk we göni, owadan, gelşikli, saýaly, miweli bag bolup ýetişmegi üçin ekilen gününden başlap, oňa ideg etmeli. Şonuň üçin hem ýaşlara ene-atalar we mugallymlar oňat görelde görkezmeli, milli terbiýäniň ýörelgelerinden peýdalanmaly. Milli terbiýede görelde mekdebi esasy orunda durýar. Bu ilkinji nobatda ýaşlaryň görýän zad

Ýagşylyk ýörelgesi

Adamyň durmuşynda hiç haçan unudylmaýan, hakydada möhür bolup galýan wakalar bolýar. «Bir ýagşylyk, bir ýamanlyk unudylmaýar» diýen aýtgy hem bar. Emma ýagşyzadalar «Ýamanlyk unudylsa-da, ýagşylyk unudylmaly däldir» diýipdirler. Beýik rus ýazyjysy Lew Tolstoý «Ýagşylyk! Ýagşylyk! Ýagşylykdan başga zat bolmaly däl» diýen şygar bilen ýaşapdyr, başgalara-da şeýle ýaşamagy ündäpdir. Ýagşylyk mowzugy hezreti Magtymguly Pyragynyň şygryýet ummanynda-da uly orun tutýar. Ol:

Halypa sazandanyň sarpasy

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň medeniýet köşgünde Türkmenistanyň halk bagşysy Täçmämmet Suhangulyýewiň doglan gününiň 160 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. «Halypalaryň mekdebi — halkyň ruhy mirasy» atly dabara tanymal sungat ussatlary, halypalar, şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar we beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan dabaranyň myhmanlary medeni ojagyň toý öwüşginli eýwanynda dutarçy bagşy-sazandalaryň çykyşlary bilen garşylanyldy. Ildeşlerimiz ol ýerde amaly-haşam sungatynyň giňden ýaýbaňlandyrylan, halk senetçiliginiň baý görnüşlerini, milli gymmatlyklary özünde jemleýän sergisini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Sungat festiwaly — halklaryň dostlugy

Häzirki wagtda netijeli daşary syýasatyň möhüm bölegi bolan medeni diplomatiýa uly üns berilýär. Şoňa görä-de, 18 — 20-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan bu festiwal köňülleri birleşdirip, halklary ýakynlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Biz Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris» diýip nygtaýşy ýaly, bu döredijilik çäresi TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze belentliklere çykarylýandygyny aýdyň görkezdi. Halkara teatr festiwaly tomaşaçylary gyzyklandyrýan sahna oýunlaryna baý bolup, onuň çäklerinde täze sahna eserleri görkezildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň forumy, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň suratkeşleriniň ussatlyk sapagy, meşhur aktýorlardyr halypa teatr işgärleri bilen döredijilik duşuşyklary geçirildi. TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň III mejlisiniň geçirilmegi forumyň esasy wakalarynyň biri boldy