Aýly agşamyň söhbedi

24 Oktýabr 2024
355

«Miras» teleýaýlymynda her hepdede ýaýlyma goýberilýän «Aýly agşamyň owazy» atly gepleşik indi ençeme ýyldan bäri tomaşaçylaryň göwnüni awlap gelýär. Gepleşigiň her sanynda geçen asyrda ýaşap, aýdymlary bilen kalplara siňen meşhur aýdymçylar Öwezgeldi Tekäýewiň, Annaberdi Atdanowyň, Nurýagdy Tokgaýewiň, Saparmyrat Babaýewiň, Gurbanmyrat Dagbaşyýewiň sungat ýoly bilen birlikde döwrüň ýaş aýdymçylary barada-da gyzykly gürrüňler berilýär, olaryň arhiw ýazgylaryndan aýdymlary ýaýlyma goýberilýär. Men bu gepleşigiň her sanyna höwes bilen tomaşa edýärin, onda ýaşlyk döwrümde çeper höwesjeňleriň festiwallarynda bileje çykyş eden boýdaşlarymy görüp begenýärin. Bu gepleşik olar bilen didarlaşmaga, gatnaşygymyzy dowam etmäge mümkinçilik açdy.

Öňräk Aşgabada baranymda, «Aýly agşamyň owazy» gepleşigini gurnaýjy we alypbaryjy Nartäç Ataýewa bilen söhbetdeş bolanymda, ol şeýle diýdi:

Ogulbibi BERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň kitaphana müdiri.