Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan milli teatr sungatyny ösdürmek, onuň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek babatda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, milli teatr sahnalarynda döwrüň ruhuna laýyk gelýän eserleriň döredilmegine, sahna ussatlary üçin ýokary amatlyklaryň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatdan, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berlen köp sanly teatrlaryň kaşaň binalaryny mysal getirmek bolar.
Teatr sungatynyň özboluşly dünýäsi bar. Ol şöhratly taryhymyz, bagtyýar şu günümiz, ýaşaýyş-durmuşymyz, ykbal öwrümlerimiz bilen bagly wakalary öz içine alýar. Ýazyjylar, dramaturglar ony kagyz ýüzüne geçirip, ajaýyp eser döretseler, teatr artistleri sahnada janlandyryp, tomaşaçylara ýetirýärler. Şowly çykan sahna oýny tomaşaçyny özüne kökerýär, onuň ýakymly täsirleri uzak wagtlap hakydalarda galýar.