Täze taryhy döwürde medeniýeti, sungaty ösdürmek, ýaş nesillere döwrebap bilim berlişiniň hilini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ylym-bilim, medeniýet we sungat halkyň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň ruhy dünýäsini kämilleşdirmekde, aň-düşünjesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Ýaşlary milli gymmatlyklarymyza, däp‑dessurlarymyza buýsançly nesiller edip terbiýeläp ýetişdirmek, olara müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwretmek möhüm wezipedir.
Bu gün ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýlelikde, ajaýyp döwrümize mynasyp ylymly-bilimli, medeniýetimize, sungatymyza sarpaly nesiller kemala gelýär. Häzirki wagtda sungaty söýýän ýaşlardan düzülen aýdym-saz toparlarynyň, ýekelikde aýdym aýdýan zehinli ýaşlaryň, eziz Diýarymyzyň gözelliklerini açyp görkezýän ajaýyp suratlary çekýän sungaty söýüjileriň sanynyň barha köpelýändigi bizi diýseň begendirýär. Olaryň medeniýetde we sungatda öçmejek yz goýan halypalaryň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanmaklary, halypalaryň sungatda goýan özboluşly ýollaryny döredijilikli öwrenmekleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.