"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda nesil terbiýesi

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, milli mirasyna, beýik şahsyýetlerine goýýan belent sarpasy, olary öwrenmek, gorap saklamak hem-de nesillere ýetirmek üçin edýän aladalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy dünýäsiniň özenini düzýär. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen, ynsanperwerlige ýugrulan milli däp-dessurlary, watansöýüjiligi, merdanalygy, halallygy nesilleri terbiýelemekde hem binýatlyk mekdepdir. Bu mukaddes ýörelgeleriň nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde esasy orny almaklygy bolsa, edebiýatymyzy ýaş nesiller üçin terbiýeçilik mekdebine öwürýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularynda türkmen halkynyň adamkärçilik sypatlaryny ussatlyk bilen açyp görkezmegi gadymy hem-de müdimi milletiň şanyny äleme jar etdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi bolsa, diňe bir beýik şahyryň döredijilik dünýäsiniň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň nusgalyk medeni ýörelgeleriniň dünýä çykmagyna itergi berdi. Beýik söz ussadynyň goşgularynda wagyz edilýän çuňňur pelsepewi pikirler, öwüt-ündewler ähli halklar, döwürler üçin, şol sanda ýaş nesiller üçin hem sapak edinmeli, ýol edinmeli mukaddeslikdir. Nesil terbiýesi ilki ulularyň göreldesinden, zähmetden, sowatdan başlanýan, islen

Sahna örklenen ykbal

Her birimiziň kalbymyzda güýze garaşmak duýgusy bar. Kimsämiz oňa baş baýramymyzyň ýakymyna eýlenmek, kimsämiz täze okuw ýylyna girişmek, kimsämiz bol berekede şaýat bolmak maksady bilen garaşýarys. Sungatyň muşdagy hökmünde köpimiziň güýzde açyljak teatr möwsümine garaşmak edähedimiz hem bar. Teatrdaky eserleriň jadyly täsiri birki sagatlyk hem bolsa seni ähli aladalaryňdan saplap, öz dünýäsine alyp gidýär. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda ýakynda açylan möwsüm hem sungatyň muşdaklarynyň ählisini begendirdi. Her ýyl bolşy ýaly, teatryň döredijilik topary öz goruna ýene bir täze eseri goşdy. Şu möwsümiň täze spektakly «Sensiz nädip ýaşaryn?» diýlip atlandyrylýar. Başga bir täzelik bolsa bu eseri režissýorlyk dünýäsine ilkinji gezek gadam goýýan ýaş sungat wekiliniň sahnalaşdyrmagydyr. Hawa, täze eser teatryň balet artisti Şöhrat Atabaýewiň ilkinji režissýorlyk işi. Hut şu eser hem Şöhrat bilen söhbedimize sebäp boldy. — Täze eserimiz meşhur dramaturg Aşyr Mämiliýewiň «Söýgi duralgasy» atly eseriniň esasynda sahnalaşdyryldy. Bu eseriň ady okyjylara tanyş bolmagy mümkin. Çünki «Söýgi duralgasy» ýurdumyzyň beýleki käbir teatrlarynda hem sahnalaşdyryldy. Biz hem esere täzeçe çemeleşip, oňa öz özgertmelerimizi girizdik — diýip, Şöhrat ilkinji işi barada gürrüň berýär.

Gymmatly hazyna

Medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösýän zamanasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny aýawly saklamak, dikeltmek, goramak we giňden wagyz etmek hem-de olaryň üstüni ýetirmek, täze öwüşginli, döwrebap medeni gymmatlyklary döretmek babatda uly işler alnyp barylýar. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň, asylly däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň dünýä ýaýylmagynda, gadymyýetden habar berýän gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagynda we geljekki nesillere ýetirilmeginde muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Ata-babalarymyzyň döreden milli mirasynyň baý gaznasyny özünde jemleýän muzeýler biziň şu günümiziň gymmatly hazynasydyr. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimizde asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyz saklanýar. Halkyň toplan taryhy-durmuş tejribesini, geçmişini, ýaşaýyş-durmuşyny doly beýan etmäge ýakyndan ýardam edýän taryhy tapyndylar muzeýe gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Adamlaryň  türkmen halkynyň gadymy taryhyna, baý medeniýetine, däp-dessurlaryna bolan düşünjesini artdyrmakda we milli mirasymyzy içgin öwrenmekde, gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda hem-de olary geljekki nesillere ýetirmekde  muzeýleriň ähmiýeti uludyr. 

Saz çalsa, saýraman durardy guşlar...

Onuň sazlary bihal däldi, özüne kökerýärdi, ýüpsüz baglap goýýardy. «Hansähet ussanyň ussat perzendi, Jepbar bilen baga giren dutarym» — diýip, Geldi Bäşini joşuran, sazy söz bilen duşuran Jepbar Hansähet oglunyň doglan gününiň 100 ýyllyk senesi bu güýzüň gujagyna many-mazmun goşup, saza meňzeş dünýä zerbaplyk çaýyp geldi. «Dutara dil bitiren halypa». Ine, şeýle at bilen golaýda halypanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli ýatlama agşamy geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçen bu döredijilik agşamy, oňa gatnaşanlary täsirli duýgular bilen gurşap aldy. Elbetde, dabarada sazandanyň nebereleriniň çykyşlary hem boldy. Halypanyň agtygy Serdar Nurlyýewiň eden söhbetleri ýatlamalar dünýäsiniň zer sahypasy bolup, köňüllerde we aňlarda öçmejek täsirleri galdyrdy.

Pähimli setirler

Ermeni nakyllary Ünsli diňlän — çalt öwrener.

Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär

Aşgabat, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi iki döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Türkmenistan we Ermenistan köp ýyllardan bäri dürli ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda guralýan bu döredijilik çäresi iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynda möhüm ädimdir. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny we döredijiligini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny sowgat bermegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda dürli ýurtlaryň wekilleri bolan meşhur nusgawy şahyrlardyr akyldarlar bilen bir hatarda, ady

Baýramçylyk duşuşygy

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Ýer ýüzüne gyzyl şapak ýaly lowurdap nur saçýan halylar düşelen zalda diwarlygyň ýüzündäki hormatly Prezidentimiziň portreti we gyr atyň, türkmen alabaýynyň güjükleriniň keşbi milli mirasymyza goýulýan belent sarpany dabaralandyrdy. Baýramçylyga bagyşlanan dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazdurdy Agdyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň bölüm müdiri Bezirgen Ataýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli Merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Rahmandurdy Rahmanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni Resul Hojaberdiýew dagy çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyz bolan alabaý baradaky çäksiz aladalary, Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň dürdän

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň ýapon dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Çärä Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň müdiriniň orunbasary Sakamoto Hideki, Ýaponiýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Bilim, medeniýet, sport we tehnologiýa ministrlikleriniň, Ýaponiýanyň merkezi döwlet-jemgyýetçilik teleradiokompaniýasynyň we ýapon jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär

Bilşimiz ýaly, bu günler ýagny, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-29-njy oktýabry aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. Medeniýet günleriniň çäginde ýagny, 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Ermenistanyň Tatula Altunýan adyndaky döwlet aýdym-saz ansamblynyň çykyşy boldy. Oňa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri we myhmanlar gatnaşdylar.

Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär

Aşgabat, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi iki döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Türkmenistan we Ermenistan köp ýyllardan bäri dürli ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda guralýan bu döredijilik çäresi iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynda möhüm ädimdir. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny we döredijiligini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny sowgat bermegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda dürli ýurtlaryň wekilleri bolan meşhur nusgawy şahyrlardyr akyldarlar bilen bir hatarda, ady

Ararat daglaryndan gelýän owazlar

dostlugy we rowaçlygy wasp edýär Paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Biz türkmen-ermeni dostlugyny has-da berkitmäge gönükdirilen bu medeni çäräni geçirmek üçin Ýerewandan Aşgabada gelen döredijilik wekiliýetiniň agzalarynyň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.

Halypa sazandany ýatlap

Änew şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk bagşysy Jepbar Hansähedowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Dutara dil bitiren halypa» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen dabara döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri hem-de beýleki köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabaranyň myhmanlary medeni ojagyň eýwanynda milli aýdym-sazlar bilen garşylanyldy.

Adamzat paýhasynyň dürdänesi

Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy dünýä ähmiýetli şahsyýet bolmak bilen, beýik şahyryň döredijilik mirasy umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine, şeýle hem parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýadyna öwrüldi. Munuň şeýledigine 11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum nobatdaky gezek şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, bu iri forumda Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýik akyldaryň baý mazmunly edebi mirasynyň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitleýändigini aýdyp, Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk hem-de ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleriniň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. Şoňa görä-de, akyldar şahyryň goşgularyndan eriş-argaç bolup geçýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň hem esasy özenini düzýär.

Beýik akyldaryň döredijiligi halklary dostlaşdyrýar

Berkarar döwletimizde Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä ýaýmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi hem-de akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen iň ähmiýetli halkara çäreleriň biri boldy. Ilkinji nobatda, ýokary derejeli foruma dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň we resmi wekilleriniň ençemesiniň gatnaşandygyny bellemek gerek. Çünki munuň özi Magtymguly Pyragynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmäge halkara jemgyýetçiligiň gyzyklanmasynyň örän ýokarydygyny tassyklaýar. Şoňa görä-de, akyldar şahyrymyza bagyşlanan halkara forumda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň diňe bir şahyr däl-de, eýsem, türkmen halkynyň öz Watanyna söýgüsiniň nusgasydygyny nygtadylar. Şeýle-de ýokary derejeli çäredäki ara alyp maslahatlaşmalaryň diňe Magtymguly Pyraga hormat goýmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurt

Käseleriň owazy (Söhbetdeşlik)

Il içinde meşhur bolan «Pyýala» sazy halkymyzyň dürli gurallar arkaly ýakymly owaz döredip bilendigini görkezýär. Dogrudanam, käsede saz çalmak — üýtgeşik we inçe sungat. Ýurdumyzda geçirilýän toý-dabaralarda käsede saz çalýan çagalary göreniňde, bu täsinlige biygtyýar başyň ýaýkalmagy adaty däl sungatyň güýji bilen bagly bolsa gerek. Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň «Merjen mukamlar» toparynyň ýaşajyk sazandalary bolsa şeýle sungatyň zehinli ussatlary. Käseleriň owazlarynyň syryna düşünmek, olaryň «dilini tapmagy» öwrenmek maksady bilen, çagalar sungat mekdebiniň müdiri, toparyň ýolbaşçysy Ýoldaş Bazarowa birnäçe sowallar bilen ýüz tutduk.

Dostluk köprüsi

Düýn — 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy, halklaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmakda ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň, festiwallaryň, sergileriň, konsertleriň hem beýleki medeni çäreleriň ähmiýeti uludyr. Halkymyzyň baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny, medeniýetde we sungatda gazanýan üstünliklerini dünýäde wagyz etmekde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde guralýan çärelere möhüm orun degişlidir.

«Magtymguly, sözlerim saza goşsaň, uz bolar»

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi şanly ýylymyzyň her gününi toý-baýramçylyga öwürdi. Nusgawy kompozitorlaryň saz eserlerinden düzülen dabaraly konsert bilen utgaşan şeýle çäreleriň biri welaýat çagalar sungat mekdebinde geçirildi. Bu mekdebiň mugallymlarynyň hem-de zehinli okuwçylarynyň taýýarlan «Magtymguly, sözlerim, saza goşsaň, uz bolar» atly aýdym-sazly dabarasyna welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýat medeniýet müdirliginiň hünärmenleri, welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de Türkmenabat şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.

«Dutara dil bitiren halypa»

25-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk bagşysy Jepbar Hansähedowyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp «Dutara dil bitiren halypa» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada halypa bagşy Jepbar Hansähedowyň agtygy Serdar Nurlyýew, Bäherden etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň mugallymy Bamyly Nepesow, Bäherden etrabynyň Şaja Batyrow adyndaky 18-nji orta mekdebiniň mugallymy Orazgeldi Çaryýarow, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, halypa bagşy Jepbar Hansähedowyň şägirdi sazanda Baýmyrat Soltanow çykyş edip, ussat bagşynyň milli aýdym-saz sungatymyzda bitiren hyzmatlary, onuň belent adamkärçiligi barada täsirli gürrüň berdiler. Dabarada «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň halk saz gurallary toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Altymyrat Pürmämmedow «Baga gireli», «Jepbar», «Unutman», Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Çarymyrat Ahunow «Şirin-Şeker» ýaly halk sazlaryny ýerine ýetirdiler. Sazanda A.Pürmämmedowyň sazandarlyk etmeginde bagşy Baky Berdinazarow mukamçy kompozitor Akmyrat Çaryýewiň şahyr Geldi Bäşimowyň goşgusyna döreden «Dutarym», Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat»

DABARA GEÇIRILDI

25-nji oktýabrda Änew şäherçesiniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Ahal welaýat häkimliginiň medeniýet müdirliginiň guramagynda meşhur sazanda türkmen mukamynyň goja bagbany Mylly Täçmyradowyň şägirdi, Türkmenistanyň halk artisti Jepbar Hansähedowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Dutara dil bitiren halypa» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň belli sazandalary, bagşylary, sazandanyň kowum-garyndaşlary gatnaşdylar we onuň ömri, döredijiligi barada gyzykly gürrüňler etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalary, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan uly üstünlikler medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar.