Käseleriň owazy (Söhbetdeşlik)

28 Oktýabr 2024
293

Il içinde meşhur bolan «Pyýala» sazy halkymyzyň dürli gurallar arkaly ýakymly owaz döredip bilendigini görkezýär. Dogrudanam, käsede saz çalmak — üýtgeşik we inçe sungat. Ýurdumyzda geçirilýän toý-dabaralarda käsede saz çalýan çagalary göreniňde, bu täsinlige biygtyýar başyň ýaýkalmagy adaty däl sungatyň güýji bilen bagly bolsa gerek. Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň «Merjen mukamlar» toparynyň ýaşajyk sazandalary bolsa şeýle sungatyň zehinli ussatlary. Käseleriň owazlarynyň syryna düşünmek, olaryň «dilini tapmagy» öwrenmek maksady bilen, çagalar sungat mekdebiniň müdiri, toparyň ýolbaşçysy Ýoldaş Bazarowa birnäçe sowallar bilen ýüz tutduk.

Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».