«Dutara dil bitiren halypa»

25 Oktýabr 2024
472

25-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk bagşysy Jepbar Hansähedowyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp «Dutara dil bitiren halypa» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada halypa bagşy Jepbar Hansähedowyň agtygy Serdar Nurlyýew, Bäherden etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň mugallymy Bamyly Nepesow, Bäherden etrabynyň Şaja Batyrow adyndaky 18-nji orta mekdebiniň mugallymy Orazgeldi Çaryýarow, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, halypa bagşy Jepbar Hansähedowyň şägirdi sazanda Baýmyrat Soltanow çykyş edip, ussat bagşynyň milli aýdym-saz sungatymyzda bitiren hyzmatlary, onuň belent adamkärçiligi barada täsirli gürrüň berdiler.

Dabarada «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň halk saz gurallary toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Altymyrat Pürmämmedow «Baga gireli», «Jepbar», «Unutman», Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Çarymyrat Ahunow «Şirin-Şeker» ýaly halk sazlaryny ýerine ýetirdiler. Sazanda A.Pürmämmedowyň sazandarlyk etmeginde bagşy Baky Berdinazarow mukamçy kompozitor Akmyrat Çaryýewiň şahyr Geldi Bäşimowyň goşgusyna döreden «Dutarym», Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň «Serpaý» döredijilik toparynyň aýdymçysy Ogulmeňli Muhamowa Jepbar Hansähedowyň şahyr Rahmet Seýidowyň goşgusyna döreden «Pagtaçy gyz» atly aýdymlaryny aýtdylar. Dabaraly çäre Ahal welaýat birleşen halk saz gurallary toparynyň bagşylarynyň kompozitor Gurbangylyç Nurgylyjowyň şahyr Didarberdi Allaberdiýewiň goşgusyna döreden «Pyraga gutlag» atly aýdymyny bilelikde aýtmagy bilen jemlendi.

Çynar GURBANOW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras bölüminiň hünärmeni.