Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda nesil terbiýesi

30 Oktýabr 2024
282

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, milli mirasyna, beýik şahsyýetlerine goýýan belent sarpasy, olary öwrenmek, gorap saklamak hem-de nesillere ýetirmek üçin edýän aladalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy dünýäsiniň özenini düzýär. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen, ynsanperwerlige ýugrulan milli däp-dessurlary, watansöýüjiligi, merdanalygy, halallygy nesilleri terbiýelemekde hem binýatlyk mekdepdir. Bu mukaddes ýörelgeleriň nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde esasy orny almaklygy bolsa, edebiýatymyzy ýaş nesiller üçin terbiýeçilik mekdebine öwürýär.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularynda türkmen halkynyň adamkärçilik sypatlaryny ussatlyk bilen açyp görkezmegi gadymy hem-de müdimi milletiň şanyny äleme jar etdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi bolsa, diňe bir beýik şahyryň döredijilik dünýäsiniň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň nusgalyk medeni ýörelgeleriniň dünýä çykmagyna itergi berdi. Beýik söz ussadynyň goşgularynda wagyz edilýän çuňňur pelsepewi pikirler, öwüt-ündewler ähli halklar, döwürler üçin, şol sanda ýaş nesiller üçin hem sapak edinmeli, ýol edinmeli mukaddeslikdir. Nesil terbiýesi ilki ulularyň göreldesinden, zähmetden, sowatdan başlanýan, islendik döwür, islendik eýýam üçin ileri tutulýan iň wajyp ugurlaryň biridir. Bu babatda Magtymguly Pyragynyň: «Ulalanda iş hoş gelmez, II Ýaşlykda köýmän ýigide» diýen setirlerini mysal getirip bileris. Ýaşlykda zähmetde taplanan ýigit durmuşa taýyn adam bolup ýetişýär. Şahsyýetiň ynsanlyk keşbiniň belentliginiň ýene-de bir görkezijisi onuň jemgyýetde özüni alyp barşy bilen kesgitlenilýär. Köpçülikde özüňi alyp barmak her bir şahsyň asyllylygyndan, terbiýesinden habar berýär. Akyldar şahyryň: «Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz, II Märekede otur-turuşyn görüň» ýa-da «Aklyň bolsa, märekede az sözle, II Köp söz seni il içinde har eýlär» diýen setirleri her bir adamyň edebi, köpçülikde özüňi alyp barmagy, oýlanyşykly söz urmagy üçin sapakdyr. Şu ýerde çagalaryň aňyýet dünýäsine üns bereliň, bu setirleriň manysyny tiren çaganyň eýýäm az, jaýdar sözlemegiň abraý getirjekdigi, ýaňralygyň bolsa, abraýdan düşürjekdigi hakdaky pikir aňyna dolýar.

Agamyrat SOLTANOW,
ýörite habarçymyz.