Baýramçylyk duşuşygy

29 Oktýabr 2024
364

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Ýer ýüzüne gyzyl şapak ýaly lowurdap nur saçýan halylar düşelen zalda diwarlygyň ýüzündäki hormatly Prezidentimiziň portreti we gyr atyň, türkmen alabaýynyň güjükleriniň keşbi milli mirasymyza goýulýan belent sarpany dabaralandyrdy.

Baýramçylyga bagyşlanan dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazdurdy Agdyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň bölüm müdiri Bezirgen Ataýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli Merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Rahmandurdy Rahmanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni Resul Hojaberdiýew dagy çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyz bolan alabaý baradaky çäksiz aladalary, Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň dürdäne many-mazmuny, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Çykyşynda türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada öňe süren teklibi, alabaý itlerini köpeltmek we sagdyn ösdürmek bilen baglanyşykly merkezler, olaryň alyp barýan işleri, 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alabaýyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitirýän işleri barada, türkmen alabaýynyň ajaýyp häsiýeti hakynda rowaýatlary, durmuş wakalary gürrüň berdiler.

«Edebiýat we sungat».