"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halal zähmete sarpa

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem degişli edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Biz hem öňdebaryjy hökmünde sylaglanan işgärleriň ýürek buýsanjyny size ýetirýäris.

Dünýä belli taryhyň bar, müň bir dilde tarypyň bar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň işgärlerine uly ynam bildirip, şeýle nygtaýar: «Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr». Türkmen medeniýeti özüniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Munuň aýdyň subutnamasyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem her bir pursatda duýup ýaşaýarys. Taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy Änew topragynyň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmenistanlylaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Bu şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Oguzlaryň gadymy mekany bolan Änew şäherinde dünýäniň dürli döwletlerinden gelen myhmanlaryň, taryhy öwrenijileriň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk dabaralary bolsa aýratyn ýatda galyjy boldy.

Dilde dessan, kalpda bossan

Hormatly Prezidentimiz peder ýoluny mynasyp dowam etdirmek bilen, asyrlara ýaň salan beýik şahsyýetlerimize, halkymyzyň milli aňyýetiniň gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimize uly sarpa goýýar we olaryň dünýä ýaýylmagy ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýär. Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän çäreler munuň anyk subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylymyzda durmuşa geçirilýän çäreler gerimi we mazmuny boýunça akyldar şahyrymyzyň abraý-mertebesini Arşy-agla göterip, gadymy hem müdimi türkmen milletimizi begenç-buýsanja gaplaýar. Çünki beýik şahyryň döredijiligi dünýä halklarynyň edebi gymmatlygy hökmünde ykrar edilen mukaddeslikdir. Munuň şeýledigine şahyryň döredijilik älemine aralaşan islendik adam hem anyk göz ýetirýär.

Toýly ýylyň şanyna

Şu gün, ýagny 6-njy noýabrda «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Her jümlesi, her sözi geljegmize rowandyr» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi. Etrap medeniýet merkezinde geçirilen söhbetdeşlikde dana akyldaryň baý edebi mirasyna ýüzlenildi. Şahyryň goşgularynyň labyzly okalyp, aýdym bolup ýaňlanmagyhas-da täsirli boldy. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň çäginde guralan medeni çärä etrabyň öňdebaryjy ýaşlarynyň uly topary gatnaşdy. Olar Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, gadymy şäheriň taryhy ýadygärliklerine aýlanyp gördüler.

ÄNEW — ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN MEKAN

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her biri güni Watanymyzyň ösüş-özgertmelere beslenen täze döwrüniň taryhyna şöhratly sahypalar bolup girýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen ady buýsanç bilen götermegi has-da guwandyrýar. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde kabul edilipdi. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi, şonuň esasynda guramaçylyk topary döredildi, onuň düzümi tassyklandy, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Şu ýylyň martynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň açylyş dabarasyna we gadymy Änew ş

Sarpaly senet

Zergärçilik senedi öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Muny arheologik gözlegleriň netijesinde tapylan, irki döwürlerde ýaşap geçen zergärleriň altyndyr kümüşden, misden ýasan şaý-sepleri hem subut edýär. Türkmen zergärleri gelin-gyzlarymyzyň dakynýan şaý-seplerini, türkmeniň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimiziň bezeg esbaplaryny ýasamakda tapawutlanypdyrlar. Halk döredijiliginde hem-de nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň edebi mirasynda zergärçilik bilen bagly aýtgylara, nakyllara, goşgy setirlerine duş gelmek bolýar. «Zer gadyryny zergär biler», «Senet — eliň altyn bilezigi», «Suw seslener gamyş bilen, gyz beslener kümüş bilen» diýen nakyllar halkymyzyň durmuşynda zergärçiligiň uly orun tutandygyny görkezýär. Zergärçilik önümleriniň we olara edilýän nagyşlaryň aýratyn many-mazmuny bolup, türkmen durmuşyny, tebigatyny, ýürekdäki arzuw-umytlary şöhlelendirýär.  Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly atamyzyň hem zergär bolandygy barada maglumatlar saklanyp galypdyr. «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, şahyryň atasy Magtymguly Ýonaçy hem ökde kümüşçi ussa bolupdyr. Şahyryň köptaraply döredijiliginde zergärçilik ugruna

Nesil terbiýesinde milli ýörelgeler

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyr. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýaşlaryň maşgalada, köpçülik ýerlerinde özüni alyp baryşlary ýaşulularyň nazaryndan sypmandyr. Olar durmuş tejribelerini dilewar, märekesöýer, şahandaz, guýmagursak zehinli adamlar tarapyndan döredilen halky eserlere siňdirip, perzentleriniň aňyna guýmagyň hötdesinden gelipdirler. Ýiti aňyň, dury akyl-paýhasyň, ýatkeşligiň eýesi bolan pederlerimiz özleriniň döreden eserlerini hakydalarynda aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen dolandyrylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne-de ýetiripdirler. Türkmenlerde nesil terbiýesine uly üns berlipdir. Ýaş nesli halal, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek hakda aladalanylypdyr. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesinde maşgalanyň orny uludyr. Agzybir, halal zähmet çekýän maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär. Türkmen maşgalasynda terbiýe diňe öwüt-ündew bilen däl, eýsem, görüm-görelde bilen berilýär. Şonuň üçin terbi

Zehin suwun hakdan içen sazanda

Golaýda Änew şäherindäki Medeniýet öýi baýramçylyk röwüşine beslendi. Toý-baýramlaryň ýygy-ýygydan geçirilýän ýeri bolan bu ajaýyp binada ir ertirden türkmen halk sazlary ýaňlanyp başlady. Şirin mukamlaryň ýakymly owazy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ahal welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan, Türkmenistanyň halk bagşysy Jepbar Hansähedowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Dutara dil bitiren halypa» atly aýdym-sazly dabaranyň ajaýyp joşgunyny töwerege buşlady. Dabara meşhur sazanda baradaky täsirli sözleriň aýdylyp, goşgy setirleriniň labyzly okalmagy bilen başlandy. Şondan soň sahnada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň Türkmenistanyň at gazanan artisti Altymyrat Pürmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde «Baga gireli» diýen mukam hem-de bu toparyň sazandarlyk edip, zehinli aýdymçy Meýlis Goçmyradowyň ýerine ýetirmeginde «Dutarym» diýen meşhur aýdym ýaňlandy.

Saz — söýginiň sesi

Tebigat adama iň ajaýyp serpaýlary peşgeş beripdir. Daşymyzy gurşap alan janly tebigat, baglar, daglar, güller, giň asman, guşlar... Ir bilen oýanyp giň penjireden asuda säheri synlaýan pursatyň saýrak guşlaryň sesine diň salmagyň özi nähili bagt. Käýarym guşlaryň owazyna maýyl bolup durşuma begensem-de, gynansam-da kalbyma aram berýän ajaýyp sazlar, megerem, öz gözbaşyny guşlaryň owazyndan alyp gaýdandyr diýip pikir edýärin. Hakykatdan hem, ynsan ylhamy tebigatdan alýar. Guşlaryň owazy hem kalbyňa ylham guýýar. Şahyr kalbyny joşa salýan gül-gunçaly baharlarda, saýhally güýzlerde döredilýän eserleriň aýratyn täsiri bolýar. Saz hem ýüregiň önümi bolup, göze görünmeýän, dilde beýan edip bolmaýan, emma kalby heýjana salyp bilýän owadan owaz, has takygy, ajaýyp sungatdyr.

Zergäriň çigildem gülleri

Türkmen sährasynda açylýan çigildemler öz gözelligi bilen ýüzüge gaş, gülýaka nagyş bolup bilýär. Zergär hökmünde Göwheriň bu gülüň şekilini öz işlerinde ýygy-ýygydan ulanmagynyň sebäbi nämedenkä?! Olaryň dünýäni öz owadanlygy bilen nurlandyryp durşy, soňra-da sungat eseri hökmünde diňe çyn zehinlere açylýandygyndanmyka ýa-da?! Göwher Nuryýewa nepisligiň nusgasy hökmünde onuň şekilini öz işlerinde ulanyp, täsin sungat eserlerini döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3 — 5-nji maýy aralygynda goňşy Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde zergärçilik hem-de keşdeçilik sungaty boýunça geçirilen halkara festiwalda onuň ýasan bukaw şaý işi BMG-niň Ylym, bilim, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) diplomyna mynasyp boldy. Bellemeli tarapy, Göwher bu işini hem çigildem gülüniň şekilindäki nagyş hem-de pöwrize, hakyk ýaly daşlar bilen bezäpdir. Häzirki wagtda bu şaý Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki muzeýde saklanýar. Ondan soňra bolsa ol beýleki döwletleriň muzeýlerinde hem görkeziler. Bu bukawa çigildem gülüniň şekilinden başga-da “üzülmez” nagşy haşamlanypdyr. Bukawyň umumy şekili metjidiň görnüşinde bolup, dürli şelpeler, kümüş zynjyrlar bilen döwrebap öwüşginde bezelipdir.

Tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady

Ýurdumyzyň teatrlarynda gyzykly sahna oýunlary, şowhunly çykyşlar tomaşaçylara hödürlenýär. Şeýle şowhunly çykyşlaryň biri ýakynda welaýat döwlet drama teatrynda režissýor Myrat Sätiýewiň sahnalaşdyrmagynda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. Onda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Gurbanowa, sahna ussady Laçyn Nuryýewa we artistler Parahat Ylýasow, Ýakup Öwezow, Rüstem Arazmämmedow, Gülnar Hojamämmedowa, Berdi Berdiýew dagy şirin owazly aýdym-sazlary, degişme aýdyşyklary we degişme sahnalary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Uly joşgun bilen aýdylan aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik işleriniň waspy ýetirildi. Şeýle-de durmuşda gabat gelýän gülküli pursatlary beýan edýän degişme sahnalary tomaşaçylaryň şowhunly hem dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragy baradaky dürdäne jümleleri

Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. * * *

«Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr»

(Akyldar şahyrymyzyň şanly toýuna bagyşlanan halkara forum hakynda) Türkmeni Magtymgulusyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Çünki olar aýrylmaz bir düşünje, bitewi bir garaýyş. Şonuň üçin hem akyldar şahyrymyzyň ady dünýä doldugyça, ýurdumyzyň halkara abraýy barha beýgelýär. Ýakynda geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum sözümiziň nobatdaky subutnamasydyr.

Abaý Kunanbaýew (1845 — 1904)

Abaý Kunanbaýew gazak halkynyň görnükli şahyrydyr. Ol 1845-nji ýylda Gazagystanyň häzirki Semipalatinsk welaýatyndaky Çingis daglarynyň eteginde dogulýar. Şahyryň çyn ady Ybraýymdyr. Örän düşünjeli, sowatly ejesi Ulžan ony ýaşlykdan «Abaýym», «Abaý» diýip söýgüläpdir. Bu soňra onuň lakamyna öwrülipdir. Onuň kakasy Kunanbaý öz taýpalarynyň kethudasy bolupdyr. Zere atly enesiniň aýdyp berýän ertekidir rowaýatlary Abaýyň geljekde zehinli şahyr bolup ýetişmegine uly täsir edipdir. Abaý başlangyç bilimini öýlerinde mollanyň elinden alyp, soňra Semipalatinsk şäherindäki Imam Ahmet Ryzanyň medresesinde okapdyr. Şol ýerde-de Abaý ilkinji gezek Gündogaryň Ferdöwsi, Nyzamy, Fizuly, Nowaýy, Magtymguly ýaly dünýä belli söz ussatlarynyň eserleri bilen gyzyklanyp başlapdyr. Ol on iki ýaşyndan başlap, goşgy düzüp ugrapdyr. Şunlukda, ol toý aýdyşyklaryna gatnaşyp, il içinde tanalyp başlaýar. Abaý Kunanbaýew şygyr düzmek bilen birlikde, rus ýazyjylaryndan A.S.Puşkiniň, M.Ý.Lermontowyň eserlerini, I.A.Krylowyň basnýalaryny gazak diline terjime edipdir. Şahyryň hakyky döredijilik işi, esasan, kyrk ýaşynda kämillige ýetip, tä ömrüniň ahyryna çenli pajarlap ösüpdir. Şol aralykdaky döwrüň içinde onuň döreden eserleri iki toma ýetipdir.

Sungatyň, döredijiligiň mekany

Zehin ynsana tebigy berilýän ukypdyr. Ol her bir ynsanyň başarnygy bilen ýüze çykýar. Başarnykly bolmak bolsa islendik adamdan höwesi talap edýär. Ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnykly, zehinli bolmagy ugrunda eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik işler ýola goýulýar. Bagtyýar ýaş nesilleriň tebigy zehinleriniň ýüze çykmagynda taýsyz tagallalar edilýär. Has takygy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar bakja-baglary, döwrebap mekdepler, çagalar çeperçilik hem sungat mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň her biri ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ýaş nesillerimiz hakynda edilýän bimöçber aladalardan nyşandyr. Ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny, zehinini ýüze çykarmakda Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň orny örän uludyr. Bu çagalar çeperçilik mekdebi 2010-njy ýylda açylyp, onda 25 mugallym yhlas bilen zähmet çekýär. Mekdepde okuwçylara halyçylyk, nakgaşçylyk, keramika, heýkeltaraşlyk hünärleri boýunça bilim berilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bu ýerde çagalaryň, has takygy, 12 ýaşyny dolduran, 13-14 ýaşly okuwçylaryň 250-si dürli hünärler boýunça ussat mugallymlardan sapak alýarlar.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Mähriban çagalar, «Güneşiň» bu sanynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlaryny hödürleýäris. Bu ýaşajyk suratkeşler tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny, gözelliklerini ýokary derejede wasp etmegi başarypdyrlar. Natýurmortlarda hem reňkleriň sazlaşygy ýerine ýetirijiniň başarjaňlygy bilen utgaşyp, ajaýyp eser emele gelipdir. Biz hem surat çekmäge höwesek jigilerimize «berekella» diýýäris we olara üstünlikleri arzuw edýäris.

Sungatyň täze zehinleri

Mekdep okuwçylarymyz Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Çagalaryň birinji Delfiý oýunlaryna gatnaşdylar. Bu halkara bäsleşik şu ýylyň 30-njy sentýabry we 5-nji oktýabry aralygynda geçirildi. Ol şu ýyl ilkinji gezek 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda guralyp, 8 döwletden jemi 500-den gowrak çagany garşylady. Oňa ýurdumyzdan zehinli çagalaryň 12-si gatnaşyp, bäsleşikde fortepiano, skripka, halk saz gurallary, estrada we halk aýdymyny ýerine ýetirmek hem-de şekillendiriş sungaty boýunça öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bu 6 ugur boýunça zehinli okuwçylarymyz çykyş edip, bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Netijede, olaryň 8-si baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardy. Hususan-da, Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Leýli Jepbarowa halk aýdymyny ýerine ýetirmek ugry boýunça 1-nji orny eýeläp, altyn medala, Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Milara Tahyrjanowa skripka hünäri boýunça 3-nji orny eýeläp, bürünç medala, Aşgabat şäherindäki 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Muhammet Ýaranow şekillendiriş sungaty boýunça 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle-de bäsleşigiň estrada aýdymyny ýerine ýetirmek ugry boýunça Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Babagylyç Annaçaryýew, fortepiano, skripka, akkordeon hünärleri boýunça Maýa Kulyýewa

Iki dostlukly halkyň dana ogullary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen hem ykdysady, syýasy, ylmy-medeni gatnaşyklary üstünlikli alyp barýar. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň gerimi, mümkinçilikleri günsaýyn has-da giňeýär. Ata Watanymyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dili hünäriniň açylmagy, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ençemesiniň hytaý diline ýöriteleşdirilmegi ylym-bilim ulgamynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň täze derejä göterilýändiginiň güwäsidir. Türkmen ýaşlarynyň hytaý dilini we edebiýatyny kämil öwrenmekleri we bu ugurdan ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmekleri geljekde olaryň öňünde täzeden täze ruhy, medeni giňişlikleri açar. Bu günki günde iki halkyň dünýä filosofiýasyna, edebiýatyna, umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşan dana ogullarynyň atlary dünýä hakydasynda baky ebedileşdi. Häzirki günde Konfusiý diýseň, hytaý halky, Magtymguly diýseň, türkmen halky seriňe dolýar. Bir şahsyýetiň üsti bilen tutuş halkyň tanalmagy, dana ogullaryň ömrüni halkyna, topragyna bagyşlap ömür sürendiginden habar berýär. Magtymguly we Konfusiý söz we paýhas bilen ömürlerine bakylyk bagyşlan ynsanlardyr. Konfusiniň çuň zehininden dörän «Söhbetler we garaýyşlar» atly kitaby hytaýyň nusgawy edebiýatynyň iň meşhur 13 kitabynyň biri hasaplanýar. Akyldaryň taglymatynd

Kattelananyň işi auksiona çykarylar

«Sotheby's» auksion öýi meşhur suratkeş Maurisiýo Kattelananyň «Komendant» atly işiniň nusgasyny satmagy meýilleşdirýär. Suratkeş özboluşly sungat eserini ilkinji gezek 2019-njy ýylda geçirilen «Art Basel Miami Beach» ýarmarkasynda görkezipdi. Şol ýyl «Komendant» 120 müň amerikan dollary bahadan satylypdy. Suratkeşiň eseriniň «Sotheby's» auksion öýünde geçiriljek satuwynyň başlangyç bahasy 1 — 1,5 million amerikan dollary möçberinde bolar. Auksion 20-nji noýabrda geçiriler.

Magtymguly Pyragy – bagşylaryň dilinde

Akyldar Magtymgulynyň şygyrlary dagdan çogup çykan gözbaşy arassa çeşmäniň suwy kimin jana şypalydyr. Ol şygyrlar edil daň säheriň howasy ýaly tämizdir. Olar läle-reýhanly, gül-gülälekli bagy-bossanyň hoştap ysy kimin bark urup, ynsanyň janyna hoşluk çaýýar. Bedenleri bogun-bogun söküp, ýüreklere giňlik berýän dutaryň mylaýymdan şirin sazy bolup heýjana getirýär». Bu sözler dana atamyzyň şygyrlaryna berilýän baha. Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady Magtymguly Pyragynyň öňdengörüji filosofiýasy baradaky oý-pikirler hemişe hyýalyňda. Çeper sözüň ussadynyň şygyrlaryny köküni ýere uran daglara meňzedýärler. Bu — hakykat. Magtymgulynyň her bir şygry diňe daglarda däl, eýsem, ynsan kalbynyň töründe hem kök urdy. Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,