ÄNEW — ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN MEKAN

6 Noýabr 2024
267

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her biri güni Watanymyzyň ösüş-özgertmelere beslenen täze döwrüniň taryhyna şöhratly sahypalar bolup girýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen ady buýsanç bilen götermegi has-da guwandyrýar. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde kabul edilipdi. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi, şonuň esasynda guramaçylyk topary döredildi, onuň düzümi tassyklandy, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.

Şu ýylyň martynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň açylyş dabarasyna we gadymy Änew şäherinde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahatyna doganlyk ýurtlardan köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Gadymy Ahal ýaýlasynda myhmanlar halkymyzyň baý myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanyp, şanly waka mynasybetli dabaraly çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Merdanaly ORAZBERDIÝEW
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.