Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň işgärlerine uly ynam bildirip, şeýle nygtaýar: «Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr».
Türkmen medeniýeti özüniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Munuň aýdyň subutnamasyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem her bir pursatda duýup ýaşaýarys. Taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy Änew topragynyň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmenistanlylaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Bu şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Oguzlaryň gadymy mekany bolan Änew şäherinde dünýäniň dürli döwletlerinden gelen myhmanlaryň, taryhy öwrenijileriň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk dabaralary bolsa aýratyn ýatda galyjy boldy.