Saz — söýginiň sesi

5 Noýabr 2024
304

Tebigat adama iň ajaýyp serpaýlary peşgeş beripdir. Daşymyzy gurşap alan janly tebigat, baglar, daglar, güller, giň asman, guşlar...

Ir bilen oýanyp giň penjireden asuda säheri synlaýan pursatyň saýrak guşlaryň sesine diň salmagyň özi nähili bagt. Käýarym guşlaryň owazyna maýyl bolup durşuma begensem-de, gynansam-da kalbyma aram berýän ajaýyp sazlar, megerem, öz gözbaşyny guşlaryň owazyndan alyp gaýdandyr diýip pikir edýärin. Hakykatdan hem, ynsan ylhamy tebigatdan alýar. Guşlaryň owazy hem kalbyňa ylham guýýar. Şahyr kalbyny joşa salýan gül-gunçaly baharlarda, saýhally güýzlerde döredilýän eserleriň aýratyn täsiri bolýar. Saz hem ýüregiň önümi bolup, göze görünmeýän, dilde beýan edip bolmaýan, emma kalby heýjana salyp bilýän owadan owaz, has takygy, ajaýyp sungatdyr.

Allanur BÄŞIMOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy.