Sarpaly senet

6 Noýabr 2024
270

Zergärçilik senedi öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Muny arheologik gözlegleriň netijesinde tapylan, irki döwürlerde ýaşap geçen zergärleriň altyndyr kümüşden, misden ýasan şaý-sepleri hem subut edýär. Türkmen zergärleri gelin-gyzlarymyzyň dakynýan şaý-seplerini, türkmeniň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimiziň bezeg esbaplaryny ýasamakda tapawutlanypdyrlar. Halk döredijiliginde hem-de nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň edebi mirasynda zergärçilik bilen bagly aýtgylara, nakyllara, goşgy setirlerine duş gelmek bolýar. «Zer gadyryny zergär biler», «Senet — eliň altyn bilezigi», «Suw seslener gamyş bilen, gyz beslener kümüş bilen» diýen nakyllar halkymyzyň durmuşynda zergärçiligiň uly orun tutandygyny görkezýär. Zergärçilik önümleriniň we olara edilýän nagyşlaryň aýratyn many-mazmuny bolup, türkmen durmuşyny, tebigatyny, ýürekdäki arzuw-umytlary şöhlelendirýär. 

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly atamyzyň hem zergär bolandygy barada maglumatlar saklanyp galypdyr. «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, şahyryň atasy Magtymguly Ýonaçy hem ökde kümüşçi ussa bolupdyr. Şahyryň köptaraply döredijiliginde zergärçilik ugruna

Oguljemal GURBANMÄMMEDOWA,
Gyzylarbat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň zergär mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.