"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Wagyz-nesihat duşuşygy

Döwürleriň şamçyragy — Magtymguly Pyragy Şeýle at bilen TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylan bu duşuşyga syýasy partiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, etrapdaky 15-nji, 31-nji orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

“Hakyda göwheri” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar “Hakyda göwheri” atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Beýik geçmişiň söhbedi

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Halk Maslahatynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyza sowgat eden ozalky kitaplarynyň üstüni ýetiren täze eseriniň çuň many-mazmunyny, halkymyzyň geçmiş mirasyny wagyz etmekdäki gymmatyny giň halk köpçüligine düşündirmek dabaradaky çykyşlaryň esasy özenini düzdi. Bellenilişi ýaly, täze neşir türkmen döwletliligini berkarar etmekde nusgalyk işleri bitiren taryhy şahsyýetlerimize goýulýan beýik hormatyň aýdyň nyşanydyr.

Taryh şu ýerden başlanýar

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek «Hakyda göwheri» atly kitabynyň çapdan çykmagy bütin halkymyz üçin gymmatly sowgat bolup, şu günler täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerime eýe bolýar. Şolaryň biri-de 30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Täze kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär. Çünki hormatly Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Gahryman Arkadagymyz bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwleti», «Horezmşalar döwleti» diýlip atlandyrylan bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir.

Rowaçly menzillere badalga

Jemgyýetimiziň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, «Biziň döwrümiz ylmyň hem bilimiň döwri» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan döwletimizde bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, ýaş nesilleri kämil bilimli we terbiýeli edip ýetişdirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde umumybilim berýän mekdeplere, hususan-da, başlangyç bilim derejesine möhüm ornuň degişlidigini bellemelidiris. Çünki bu bilim derejesiniň maksatnamalary okuwçynyň şahsyýetiniň kemala getirilmegine, onuň bilim işinde şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda okamagy, ýazmagy, hasaplamagy, nazary pikirlenmegiň tärlerini ele almagyna gönükdirilendir.

Beýik milletiň «Hakyda göwheri»

30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitap türkmen we iňlis dillerinde neşir edilipdir. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Liderine döredijilik äleminde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuwladylar. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir.

Nur saçýan hazyna

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli beýik işlere galkyndyrýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny halkymyza peşgeş berdi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy şöhratly geçmişimize, şanly taryhymyza, milli mirasymyza, gadymy gymmatlyklarymyza buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Çünki halkyň hakydasy, taryhy, mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Hakyda — ynsan kalbynda göwher ýaly nur saçýan şamçyragdyr, tämizlikdir, geçmişe sarpadyr.

«Tegelek stoluň» başynda geçen söhbetdeşlik

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu çäre geljek — 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly guraldy. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadam basylýan her bir ýylyň döwrebap şygar bilen atlandyrylýandygyny, häzirki günlerde ýurdumyzda 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly ildeşlerimiziň tekliplerini öwrenmek boýunça degişli tagallalaryň edilýändigini bellemek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleriň taýýarlanmalydygy bilen bagly başlangyjy ildeşlerimizde gyzgyn goldawa eýe bolandygyny aýratyn nygtadylar.

Ösüşlere beslenýän ýyl

Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda duşuşyklar geçirilýär. Täze—2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ildeşlerimiziň pikirlerini, tekliplerini diňlemek hem-de üstümizdäki şanly ýylyň ösüş-özgertmelerini wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çärelere ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly üstünlikli ýyllaryň biri hökmünde taryh sahypalarynda altyn harplar bilen ýazylar. Çünki şu ýyl taryhy wakalara baýdygy bilen alamatlanýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen bagly geçirilen dabaralar baý many-mazmunlylygy bilen buýsançly duýgulary döretdi.

Kärdeşler arkalaşyklarynda

Täsirli geçen okuw-maslahat TKA-nyň welaýat birleşmesiniň Awaza Milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde geçiren okuw-maslahaty üstünlikli tamamlandy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Arkadag şäheri, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar “Hakyda göwheri” atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Aşgabatda ýol howpsuzlygy barada ýatladýan LED-monitorlar gurnaldy

Aşgabatda şäher häkimligi we Türkmenistanyñ Içeri Işler ministrligi tarapyndan ýol hereketiniñ düzgünlerini berjaý etmek baradaky çagyryşly täze LED-monitorlary gurnaldy diýip, ORIENT habarçysy habar berýär. Ýol hereketiniñ berjaý edilmeginiñ ähmiýeti barada ýatladýan bilbordlar we LED-monitorlar ýoluñ ähli ýokarky böleklerinde ýerleşdirilen. Şeýlelik bilen, sürüjileri ýollarda ünsli bolmagyna çagyrýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Arkadag şäheri, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar “Hakyda göwheri” atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Göwher sözüň gymmaty

Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna dürli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen birlikde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet ulgamynyň wekilleri, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň sergisi guralyp, onda sungat eserleri-de ýerleşdirildi. Täze kitabyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasynyň Arkadag şäherinde geçirilmegi onuň ýaşaýjylarynyň buýsançly başyny göge ýetiren waka boldy. Çykyşlarda Milli Liderimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygynyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde onuň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Wengriýa amala aşyran iş sapary dogrusynda-da durlup geçildi.

Beýik döwletiň beýik taryhy hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň, körpe çagalaryň aň-paýhasynyň kämil, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan habarly adamlar bolmaklygyny gazanmak babatda zerur tagallalar amala aşyrylýar. Şeýle işlerde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan, çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri nusgalyk mekdep bolup durýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserinde döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň pugtalandyrylmagy babatdaky meseleler bilen birlikde, watansöýüjilige, ahlak terbiýesine, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Alym Arkadagymyzyň paýhas dürdänelerini özünde jemleýän ajaýyp eserlerinde kitap okamagyň, esasanam, gowy kitaplary we eserleri okamagyň geljegimize oňyn täsiriniň, ummasyz peýdasynyň bardygy tekrarlanylýar. 30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren täze «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Pekinde Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

24-nji noýabrda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan, şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew çykyş etdiler. Olar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti we şahyryň eserleriniň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki orny barada nygtadylar.  Şeýle hem maslahat bilen ugurdaşlykda Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň howandarlygynda we Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde çap edilen şahyryň täze neşiri tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň giriş sözleri bilen başlanýan täze neşir Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory Daý Guýsýu tarapyndan terjime edildi. Mundan başga-da, kitap «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyň eýesi, Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofenanyň sözbaşysyny, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Alymlar geňeşiniň makalalaryny öz içine alýar.

Akyldaryň goşgular ýygyndysy pars diline terjime edildi

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýyl Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli milli, sebit we halkara derejesinde medeni çärelerdir döredijilik agşamlary geçirilýär, şeýle hem akyldaryň goşgulary dünýäniň dürli dillerine terjime edilýär. Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» atly goşgular ýygyndysynyň pars diline terjime edilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Täze ýygyndy 449 sahypadan ybarat bolup, özünde akyldar şahyryň 270-den gowrak goşgusyny özünde jemleýär. Eýranly hünärmenleriň gatnaşmagynda taýýarlanylan neşiriň redaktorlyk işleri Dawut Orazsähedow we Sobhan Salariniýa, terjimesi bolsa Güýçmyrat Çangliýew bilen Aýmyrat Kulyýewa degişli. 500 nusgada neşir edilen kitap hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli we dünýä medeniýetindäki ähmiýeti dogrusynda aýdan sözleri hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy bilen açylýar.

Žur­na­lis­tiň ­ýol­ ýaz­gy­la­ryn­dan

Ony iýip görenler biler. Dogry, nar Türkmenistanyň ähli ýerinde hem bitýär. Ýöne aýdymlarda waspy ýetirilýän gözel Sumbaryň nary weli, has üýtgeşik. Ýola çyksaň, gözüň täsinlikde bolýar, dogrumy? Ynha, Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolundan barýarkaň, bil ýazaýyn ýa-da bogaz ölläýin diýip, gadymy Bamy obasynyň ýanyndaky kiçijikden gözegelgiç söwda dükanynyň ýanynda säginersiň. Sebäbi gapdaljygynda gyzgynjak kofe, ajyja çaý, ýany bilenem, aýak üstünden ýürekselik ediner ýaly gabylja ýerjagaz bardyr. Giräýmänkäňem, gözüň münder edilen narlarda, üýşmek hozlarda, ululy-kiçili gaplara guýlan ary balynda, dürli miwelerden edilen mürepbedir kişdelerde... eglener.

Ýylyň iň gymmat bahaly suraty satyldy

«The Wall Street Journal» neşiriniň habaryna görä, belgiýaly suratkeş Rene Magrittiň «Ýagtylygyň imperiýasy» atly suraty Nýu-Ýorkda geçen «Christie's» auksionynda 121,2 million amerikan dollaryna satyldy. Suraty satyn alan adamyň ady ýaşyryn saklanýar. Belläp geçsek, «Ýagtylygyň imperiýasy» 2024-nji ýylyň başyndan bäri satylan iň gymmat suratdyr.