Pekinde Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

1 Dekabr 2024
100

24-nji noýabrda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan, şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew çykyş etdiler. Olar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti we şahyryň eserleriniň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki orny barada nygtadylar.  Şeýle hem maslahat bilen ugurdaşlykda Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň howandarlygynda we Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde çap edilen şahyryň täze neşiri tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň giriş sözleri bilen başlanýan täze neşir Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory Daý Guýsýu tarapyndan terjime edildi. Mundan başga-da, kitap «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyň eýesi, Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofenanyň sözbaşysyny, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Alymlar geňeşiniň makalalaryny öz içine alýar.

Janabaý ŞYHYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň pedagogika kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.