Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda duşuşyklar geçirilýär. Täze—2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ildeşlerimiziň pikirlerini, tekliplerini diňlemek hem-de üstümizdäki şanly ýylyň ösüş-özgertmelerini wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çärelere ýaşlar işjeň gatnaşýarlar.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly üstünlikli ýyllaryň biri hökmünde taryh sahypalarynda altyn harplar bilen ýazylar. Çünki şu ýyl taryhy wakalara baýdygy bilen alamatlanýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen bagly geçirilen dabaralar baý many-mazmunlylygy bilen buýsançly duýgulary döretdi.