Beýik geçmişiň söhbedi

3 Dekabr 2024
241

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Halk Maslahatynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyza sowgat eden ozalky kitaplarynyň üstüni ýetiren täze eseriniň çuň many-mazmunyny, halkymyzyň geçmiş mirasyny wagyz etmekdäki gymmatyny giň halk köpçüligine düşündirmek dabaradaky çykyşlaryň esasy özenini düzdi. Bellenilişi ýaly, täze neşir türkmen döwletliligini berkarar etmekde nusgalyk işleri bitiren taryhy şahsyýetlerimize goýulýan beýik hormatyň aýdyň nyşanydyr.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Maksat GYLYJOW.