Ikinji gezek bellendi
Bütindünýä Söwda Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda nigeriýaly zenan Ngozi Okonjo-Iweala guramanyň başlygy wezipesine ikinji gezek bellendi. Bu karar BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdan daşary maslahatynda kabul edildi. Gurama täze baş direktor bellemek meselesi resmi taýdan 8-nji oktýabrda başlandy. Dalaşgär hödürlemek möhleti gutarandan soň, ikinji dört ýyllyk möhleti eýelemäge taýýardygyny tassyklan Ngozi Okonjo-Iweala bu wezipe üçin ýeke-täk dalaşgär bolup galdy. N. Okonjo-Iwealanyň ikinji möhleti 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlar. Nigeriýada doglan Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Söwda Guramasyna ýolbaşçylyk edip gelýän ilkinji zenan we ilkinji afrikalydyr. Ösüş meseleleri boýunça ykdysatçy hökmünde Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Bankynda 25 ýyl dolandyryjy müdir bolup işläpdi.