Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nusgalyk obalar, şäherçedir şäherler gurulýar. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurlan Arkadag şäheri bu babatda buýsanç bilen nygtalmaga mynasypdyr.
Arkadag şäheri tebigy gurşawa aýawly çemeleşmegi, ylmyň iň täze gazananlaryndan peýdalanylmagy üçin ýaşaýşyň täze garaýşyny özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan, döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesine eýe bolan täze şäheriň birinji tapgyrynyň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ýerli binagärlerimiz tarapyndan guruldy. Döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklere we kuwwata eýedigini tassyklaýar.