Bagtyýar durmuşyň höziri

5 Dekabr 2024
157

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ýokary derejeli ýaşaýyş şertlerini üpjün etmegiň hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyz üçin gurulýan häzirki zaman obalar, şäherler, önümçilik maksatly desgalar hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet ideologiýasyny aýdyň dabaralandyrýar. Döwletimiz tarapyndan binalaryň we desgalaryň eýeçilik goragynyň kanun taýdan üpjün edilmeginiň yzygiderli kämilleşdirilmegi bolsa raýatlarymyzyň sapaly durmuşda ýaşamaklary, döredijilik joşguny bilen ruhubelent zähmet çekmekleri üçin şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 51-nji maddasynda bellenen kadalara laýyklykda, ýurdumyzda her bir raýata  ýaşaýyş jaýyny, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almaga ýa-da edinmäge, özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmaga döwletiň goldawy berilýär.  Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. Ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan adamlaryň erkine garşy ýa-da kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň ýaşaýyş jaýyna girmäge ýa-da onuň eldegrilmesizligini başga bir ýol bilen bozmaga hukugy ýokdur. Kanunda bellenilen esaslar bolmasa, hiç kim ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmez.

Baýrambibi MÄMMETGYLYJOWA,
Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.