Dil – netijeli hyzmatdaşlygyň serişdesi

6 Dekabr 2024
119

Halk ara­syn­da «Dil bi­len dün­ýä­ni ge­zer» diý­lip aý­dy­ly­şy ýa­ly, baş­ga dil­le­ri öw­ren­mek biz üçin wa­jyp bo­lup dur­ýar. Dür­li dil­le­ri bil­mez­den kä­mil hü­när­men bol­mak as­la müm­kin däl. Se­bä­bi üçün­ji müň­ýyl­lyk ylym-bi­li­miň we teh­ni­ka­nyň örän çalt dep­gin­de ösen döw­ri bol­dy. «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» çä­gin­de bu ugur­da bir­nä­çe iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ýur­du­my­zyň or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek me­ýil­na­ma­lar esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän mek­dep­ler we dür­li dil­le­re ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­ler hem bar. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek­de hä­zir­ki wagt­da yl­my esas­da öw­re­ni­len, tej­ri­be­de oňat ne­ti­je ber­ýän usul­lar­dan giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Şeý­le usul­lar bi­lim ber­mek­de mul­ti­me­di­ýa tag­ta­lar­da ta­nyş­dy­ryş­la­ryň üs­ti bi­len öw­ret­mek, iň­lis di­lin­dä­ki gep­le­şik­le­ri tej­ri­be­de diň­let­mek we ki­tap­dan ge­çi­len söz­le­ri okat­mak bi­len ber­ki­dil­ýär. Bu iş­le­riň ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy ýaş­la­ryň dü­şün­je­si­niň has-da ös­me­gi­ne oňat tä­sir ed­ýär. Şun­da da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­ýän ta­lyp bir sa­pak­da on­lar­ça sö­zi öw­ren­ýär we tej­ri­be­de ula­nyp gör­ýär, ola­ry ki­tap­dan okap, ter­ji­me ed­ýär.