Döw­re­bap hu­kuk öz­gert­me­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar

6 Dekabr 2024
107

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da de­mok­ra­tik esas­lar bar­ha çuň­laş­dy­ryl­ýar. Hu­kuk me­de­ni­ýe­ti we işi has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Hal­ky­my­zyň we her bir ra­ýa­tyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li öz­gert­me­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Al­nyp ba­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li şeý­le iş­le­riň bi­ri hem Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny we äh­mi­ýe­ti­ni güýç­len­dir­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da ýerine ýetirilýän iş­ler­dir. Kons­ti­tu­si­ýa Esa­sy Ka­nun bol­mak bi­len, beý­le­ki ada­ty ka­nun­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Il­ki bi­len, Kons­ti­tu­si­ýa iň ýo­ka­ry hu­kuk güý­jü­ne eýe bo­lan ka­nun­dyr. Bu ka­da­lar Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň mad­da­la­ryn­da aý­ra­tyn bel­le­nil­ýär.

Ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na gö­rä kä­mil­leş­dir­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Tä­ze ka­nun­lar Wa­ta­ny­my­zy dep­gin­li ös­dür­mä­ge, ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan äh­li oňyn baş­lan­gyç­la­ryň öze­nin­de halk we umu­ma­dam­zat bäh­bit­ler göz öňün­de tu­tul­ýar.