Şanly ýylyň buýsanjy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly taryhy wakalara beslenip tamamlanyp barýar. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleri bilen şöhratlanýan ýylymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Üstümizdäki ýylda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmekde, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda belent sepgitlere ýetilýär. Şeýle döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriň dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýuny toýlamak bilen utgaşdyrylmagy şanly ýylymyzda guwanjymyzy goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýy diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde-de giňden bellenilip geçildi we geçilýär. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň dürler hazynasy bolan edebi mirasynyň belent sarpasynyň ýaňy bolup alyslara aşýar.