Mähriban okyjym!
Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar. Şöhratly hem-de buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä medeniýetine nusgalyk ösüşler hem-de açyşlar ýatyr. Arheolog alymlarymyzyň yzygiderli alyp barýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde topragyň gatlaryndan taryhy gatlaklaryň syryny çöşleýän täze-täze tapyndylar ýüze çykarylýar. Milli medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenýän alymlarymyz daşary ýurtlaryň meşhur kitaphanalaryndan türkmen halkynyň baý edebi mirasyna degişli gadymy golýazmalaryň nusgalaryny ýurdumyza getirýärler. Türkmen halkynyň taryhy bilen gyzyklanýan daşary ýurtly hünärmenler hem bu ugra dahylly öz ýurtlarynda bar bolan ylmy-edebi mirasymyza degişli eserleri, kitaplary bize sowgat edýärler. Ygtybarly ylmy çeşmeler esasynda täze-täze ylmy maglumatlaryň peýda bolmagy türkmen halkynyň taryhyna täzeçe hem-de köptaraplaýyn nazar aýlamaga iterýär. Şeýle asylly maksatdan ugur alyp, mähriban okyjym, halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlarymy — şu kitabymy siziň bilen paýlaşmak isleýärin. Bu kitabymyň esasy maglumat çeşmesi hökmünde mundan owal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplarymy, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlarymyzy peýdalandym. Men türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy hasaplanýan taryhy-medeni ýadygärlikler baradaky pikirlerimi eziz halkym bilen paýlaşýandygyma buýsanýaryn. Bu kitabym iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly bolan, saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda, ikinji babynda bolsa ruhy-medeni mirasymyzyň köp öwüşginli gymmatlyklary hakynda söz açylar.
* * *
Öz-özünden döreýän hiç bir zat ýok. Täze bir zadyň ýüze çykmagy, täze bir wakanyň peýda bolmagy üçin sebäp gerek, esas gerek. Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Gerdişinde gadymyýetiň aýanu-syrly habarlaryny saklaýan mukaddes topragymyzda daş-töweregiň gözelliklerini synlaýan mahalym, çuňňur oý-pikirlere hemra bolýaryn. Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin. Şonda adamzat taryhyndaky iň gadymy medeni ojaklaryň hut şu topraklarda döräp, soňra töwereklere, sebitlere, dünýä ýaýrandygy hakyndaky hakykata buýsanýaryn. Dogrudanam, taryh şu ýerden başlanýar. Taryh şu ýerde dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda juda ýerlikli belleýşi ýaly: