Ýene bir ajaýyp eser elimize gowuşdy! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen ajaýyplygyň — «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy bagtyýar zamanada gurýan, döredýän, röwşen geljege ynamly barýan agzybir halkymyzy çäksiz begendirip, buýsanjyna buýsanç goşan taryhy wakalaryň biri boldy.
Hakyda göwheri. Juda jaýdar hem jüpüne düşen bu jümlede umman ýaly giň many bar. Kitabyň turuwbaşdan göwnüňe hoş ýakýan özboluşly adynyň çuňňur mazmun baýlygy bilen utgaşmagy bolsa aýratyn bellärliklidir. Ol öňümizde taryhyň täze sahypalaryny açmak bilen, kalbyňda üýtgeşik täsirleri galdyrýar.