Baş arçanyň ýalkymy

18 Dekabr 2024
69

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15-nji dekabrynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şeýle-de paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde Täze ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak dabaralary geçirildi. Bu dabara täze taryhy eýýamyň şanly ýylynyň ösüşler bilen jemlenip, geljek ýyla uly ynam bilen gadam basyljak ajaýyp günleriniň başlangyjy boldy.

Ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine, medeni merkezlere, sungat ojaklaryna, bilim-terbiýeçilik edaralaryna, önümçilik desgalaryna seýran eden Aýazbabadyr Garpamyk welaýatlarymyzda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň, Arkadag şäherinde «Arkadag Binasynyň», paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Älem» medeni dynç-alyş merkeziniň öňündäki baş arçalaryny yşyklandyrdylar. Şadyýan çagalaryň baýramçylyk şatlygy, goşgularydyr aýdym-sazly çykyşlary bu dabaranyň şowhunyny öňküden-de artdyrdy.

Ýörite habarçymyz.