Sazlaşykly hereket ýollaryň bezegidir

18 Dekabr 2024
88

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, esasan-da, herekete gatnaşyjylaryň özlerini alyp baryşlaryna, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý edişlerine bagly bolup durýar. Herekete gatnaşýan her bir adam özünden edilýän kanuny talaplary doly we dogry ýerine ýetirmelidir. Ýurdumyzyň ýollarynda bolup geçýän ýol-ulag hadysalarynyň esasy sebäpleri tehniki taýdan näsaz awtoulaglary ulanmak, awtoulag dolandyrylanda, ugry nädogry üýtgetmek, howpsuzlyk kemerlerini dakynmazlyk, çatrykda durlan wagtynda pyýada geçelgeleriniň üstünde ulagy saklamak, gaty sesli audio-wideo enjamlary diňlemek, telefonda gürleşmek bolup durýar. Ýol-ulag hadysalarynyň köp bölegi ulaglaryny ýokary tizlikde dolandyrýan sürüjileriň günäsi bilen bolýar. Ulag serişdelerini ýokary tizlikde dolandyrmagyň howply ýagdaýlara getirýändigini ýatdan çykarmaly däl. Mundan başga-da, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda diňe bir sürüjileriň we pyýadalaryň ýalňyşlyklary däl-de, käbir ýagdaýlarda ýollarda hereket edýän awto-ulaglaryň hereketine uly ýollarda idegsiz gezip ýören mallar hem sebäp bolýar. Bu barada mal eýeleri bilen yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Olarda mallary, esasan-da, uly mallary uly ýollara idegsiz goýbermeli däldigi, ýörite mallar üçin niýetlenen yşyklandyryjylary dakmak hakynda gürrüň edilýär.

Myratnyýaz MYRATNYÝAZOW,
Türkmenbaşy şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.