"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Emeli hemra toruny döreder

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 290 eme­li hem­ra­dan yba­rat tor dö­re­der. Bi­ri-bir­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lan en­jam­la­ryň ge­çi­ri­ji­lik güý­ji 1000 eme­li hem­ra­nyň­ka ba­ra­bar bo­lar. Eme­li hem­ra­lar te­le­ýaý­lym, in­ter­net, ho­wa­nyň ýag­da­ýy we beý­le­ki ara­gat­na­şyk mak­sat­la­ry üçin peý­da­la­ny­lar. Umu­my ba­ha­sy 10 mil­liard ýew­ro bol­jak iri tas­la­ma «Air­bus», «Deutsche Te­le­kom», «Tha­les Ale­nia Space» we «Te­les­pa­zio» ýa­ly Ýew­ro­pa­nyň kos­mos se­na­ga­tyn­da iş alyp bar­ýan iň uly kom­pa­ni­ýa­lar ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da Ilon Mas­kyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Star­link» at­ly mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýüz­ler­çe ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra kos­mo­sa uçu­ryl­dy.

Ýolagçy sany 4 milliarddan geçer

Şweý­sa­ri­ýa­nyň «M1nd-set» agent­li­gi dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy ba­ra­da tä­ze mag­lu­mat taý­ýar­la­dy. Mag­lu­ma­ta gö­rä, gel­jek ýyl dün­ýä­de uçar ar­ka­ly sy­ýa­hat ed­ýän ýo­lag­çy­la­ryň sa­ny 4,22 mil­li­ar­da ýe­ter. Bu gör­ke­zi­ji 2024-nji ýyl­da­ky­dan 8,3 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lar. Ýew­ro­pa ýurtlary 2 mil­liard ýo­lag­çy bi­len uçar gat­na­wyn­da bi­rin­ji bol­ma­gyn­da ga­lar. Şeý­le-de bol­sa, se­bi­tiň ýo­lag­çy­la­ry­nyň glo­bal ýo­lag­çy­la­ryň ara­syn­da­ky pa­ýy aza­lar. Ne­ti­je­de, dün­ýä­de hal­ka­ra gat­naw­dan peý­da­la­nýan ýew­ro­pa­ly­la­ryň sa­ny umu­my ýo­lag­çy­la­ryň 46,9 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rer. Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny­nyň glo­bal gat­naw­da­ky pa­ýy ar­typ, 25,5 gö­te­ri­me ýe­ter. Bi­ler­men­ler se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hal­ka­ra sy­ýa­ha­ta has köp git­me­gin­de yk­dy­sa­dy ösü­şiň tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ogul­şat HA­ŞY­RO­WA,

Dünýäniň iň gymmat brendleri

«Visual Capi­ta­list» kom­pa­ni­ýa­sy 2024-nji ýy­lyň iň güýç­li kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny mä­lim et­di. Bu brend­ler di­ňe öz iş alyp bar­ýan pu­da­gyn­da däl, şol bir wag­tyň özün­de dün­ýä ba­za­ryn­da­ky beý­le­ki brend­le­re hem tä­sir ed­ýär. Sa­naw­da teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň öň­de­li­gi eýe­le­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Bi­rin­ji ýeri «App­le» eýe­le­ýär. Ba­zar ba­ha­sy 3,099 tril­li­on dollar bo­lan kom­pa­ni­ýa teh­no­lo­gik ekoul­ga­my bi­len san­ly hyz­mat­lar pu­da­gy­na uly tä­sir ed­ýär. Ikin­ji we üçün­ji ýe­ri «Micro­soft» hem-de «Go­og­le» eýe­le­ýär. Bö­lek söw­da pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan «Ama­zon» dör­dün­ji, smart­fon ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan «Sam­sung» bä­şin­ji ýe­ri eýe­le­ýär. «Wal­mart», «Tik­Tok/Douyin», «Facebook», «Deutsche Te­le­kom» we ICBC il­kin­ji on­lu­gy jem­le­ýär. Eziz NUR­MY­RA­DOW,

Halkara birleşigiň agzasy boldy

Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Al­ma­ty şä­he­ri­niň Ga­zak sport we sy­ýa­hat­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň çöz­gü­di bi­len Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty ab­raý­ly hal­ka­ra bir­le­şi­giň ag­za­ly­gy­na res­mi taý­dan ka­bul edil­di. De­giş­li şa­ha­dat­na­ma Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň ýol­baş­çy­sy K.Za­kir­ýa­now ta­ra­pyn­dan Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­na we­kil­çi­lik ed­ýän Ta­lyp­lar sport klu­bu­nyň baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li ta­lyp­lar sport fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş kä­ti­bi S.Gur­do­wa da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.

Türk­men-eý­ran me­de­ni dost­lu­gy

Ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň ça­ga­la­ry­nyň dost­luk hep­de­li­gi ge­çi­ril­di. Türk­men we eý­ran halk­la­ry­nyň dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry öz göz­ba­şy­ny ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Şol gat­na­şyk­lar bu gün­ki gün iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bo­lup, şun­da Türk­me­nis­tan­da we Eý­ran­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän me­de­ni çä­re­le­riň hem uly or­ny bar. Di­ýa­ry­myz­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän türk­men we eý­ran ça­ga­la­ry­nyň dost­luk hep­de­li­gi ola­ryň üs­tü­ni ýe­tir­di. Bu çä­rä­niň çäk­le­rin­de Türk­men döw­let gur­jak te­at­ry­nyň Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ki­ta­byn­da­ky ro­wa­ýat­lar esa­syn­da sah­na­laş­dy­ran «Ba­ky ro­wa­ýat­lar» at­ly spek­tak­ly gör­ke­zil­di. Bu dost­luk hep­de­li­gi türk­men-eý­ran me­de­ni gat­na­şyk­la­ry­na aý­ra­tyn öwüş­gin ber­ýär. Türk­men-eý­ran me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de pars ede­bi­ýa­ty­nyň we­kil­le­ri­niň dö­re­di­ji­li­gi öw­re­nil­ýär. Iki ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, bu ugur­da iş alyp bar­ýan hü­när­men­le­ri­mi­ziň tej­ri­be alyş­mak­la­ry­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, dür­li çä­re­ler gu­ral­ýar. Ça­ga­la­ryň dost­luk hep­de­li­gi­ne ba­gyş­la­nan çä­re­ler top­lu­my sun­ga­ta hö­we­sek ça­ga­la­ryň öz ze­hi­ni­ni açyp gör­kez­mek­le­rin­de äh­

Bazarlarda baýramçylyk harytlarynyň bolçulygy

Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy go­laý­laş­dy­gy­ça ak ba­zar­la­ryň we söw­da no­kat­la­ry­nyň ge­lim-gi­di­mi ar­typ, söw­da­ bar­ha gy­zyş­ýar. Şu gün­ler paý­tag­ty­my­zyň, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ryň çä­gin­dä­ki ba­zar­la­ra we söw­da no­kat­la­ry­na ba­ra­nyň­da hem mu­ňa göz ýe­tir­mek bol­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li ba­zar­la­ryn­da we söw­da mer­kez­le­rin­de hal­ky­my­za edil­ýän söw­da hyz­mat­la­ry­nyň de­re­je­si göw­nü­ňi gö­ter­ýär. Bu ba­zar­lar­da alyjylara eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­ler hö­dür­len­ýär. Ola­ryň ara­syn­da azyk önüm­le­ri­niň örän köp gör­nüş­le­ri, Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry we ola­ra ni­ýet­le­nen zer­ler, çy­ra­jyk­lar, beý­le­ki ha­ryt­lar bar. El­ýe­ter­li nyrh­dan hö­dür­len­ýän şol önüm­ler­dir ha­ryt­la­ra is­le­giň örän ýo­ka­ry bol­ma­gy ola­ryň hi­li­niň go­wu­dy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Gök-bak­ja önüm­le­ri, ir-iý­miş­ler, et­dir süýt önüm­le­ri, dat­ly şer­bet­ler, ga­raz, baý­ram­çy­lyk sa­ça­gy üçin äh­li zat­ ba­za­ryň de­giş­li bö­lüm­le­ri­ni be­ze­ýär.

Te­bi­gat we eko­lo­gi­ýa

Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ni pe­selt­mek mak­sa­dy­na gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we te­bi­gy baý­lyk­lar­dan tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak, zy­ňyn­dy gaz­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­mak ýa­ly iş­ler döw­let de­re­je­sin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 2023-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Du­baý­da ge­çi­ri­len BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň 28-nji mas­la­ha­tyn­da (COP28) döw­le­ti­miz Glo­bal me­tan borç­na­ma­sy­na go­şul­ýan­dy­gy­ny res­mi taý­dan yg­lan et­di. Şeý­le­lik­de, ata Wa­ta­ny­myz­da 2030-njy ýyl­da ýy­la­dyş­ha­na gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­nyň de­re­je­si­ni azalt­mak me­ýil­leş­di­ril­di.

«Akyl­ly» şä­her­ler – gel­je­giň şä­he­ri

18-nji de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de «Akyl­ly» şä­her: do­lan­dyr­mak, san­ly, «akyl­ly» we eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, howp­suz­ly­gy, yk­dy­sa­dy­ýe­ti» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len fo­ru­ma ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň alym­la­ry, Awst­ri­ýa­dan, Bang­la­deş­den, Be­la­rus­dan, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gru­zi­ýa­dan, Hin­dis­tan­dan, Hy­taý­dan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Ow­ga­nys­tan­dan, Pa­kis­tan­dan, Rus­si­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Öz­be­gis­tan­dan, Uk­rai­na­dan, Fi­lip­pin­ler­den, Şri-Lan­ka­dan, Efio­pi­ýa­dan, Ýa­po­ni­ýa­dan hü­när­men­ler, öň­de­ba­ry­jy da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Ykdysady ösüşler – abadançylygyň kepili

Ber­ka­rar döwletiň täze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan di­wer­si­fi­ka­si­ýa sy­ýa­sa­ty dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hä­zir­ki çyl­şy­rym­ly şert­le­rin­de hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li ug­ry bo­lup dur­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň çig mal ön­dür­ýän ýurt­dan in­no­wa­si­on hä­si­ýet­li taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­ýän ýur­da öw­rül­me­gi­niň Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan al­nyp bar­lan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ril­ýän di­wer­si­fi­ka­si­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da müm­kin bo­lan­dy­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. 6-njy de­kabr­da şu ýy­lyň on bir aýy­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy­ny hä­si­ýet­len­dir­ýän mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri bo­lan je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň 6,3 gö­te­ri­me deň bo­lan­dy­gy be­ýan edil­di. Dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­de ga­za­ny­lan bu ne­ti­je­ler hä­zir­ki dö­wür­de ama­la aşy­ryl­ýan oý­la­ny­şyk­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mi­we­si­dir.

Hormatly Prezidentimiziň kitaby ýapon dilinde neşir edildi

18-nji de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Halkara gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hormatly Prezidentimiziň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da çap­dan çy­kan we türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li üçin mö­hüm gol­lan­ma öw­rü­len bu ki­tap da­şa­ry döw­let­ler­de hem uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Onuň Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ösü­şin­de no­bat­da­ky mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Şeý­le hem bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ede­bi-fi­lo­so­fik ese­ri ter­ji­me edil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ki­ta­by şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da ýa­pon di­lin­de çap­dan çyk­dy.

Administratiw önümçilik hakynda kanunçylyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbidini nazarlap, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen eziz Watanymyzda ýetilýän belent sepgitler we gazanylýan uly üstünlikler buýsandyrýar.  Milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen berkidilip, has-da döwrebaplaşdyrylmagy esasy ugurlaryň hataryndadyr. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna,  «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň durmuşa mäkäm ornaşmagyna gönükdirilendir. Hukugyň islendik pudaklarynda bolşy ýaly, administratiw hukugynyň hem öz predmeti bar. Ol bu pudagyň kadalary bilen düzgünleşdirilýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň jemidir. Administratiw hukugynyň häsiýetli aýratynlygy onuň jemgyýetde ýüze çykýan gatnaşyklaryň tutuş toplumyny düzgünleşdirmäge kesgitli bir derejede gatnaşýandygyndan ybarat. Administratiw hukugy,  şol bir wagtyň özünde, döwlet edaralarynyň hukuklaryny, ygtyýarlyklaryny kesgitlemek bilen birlikde, administratiw önümçiligiň gatnaşyjysy bolup durýan  her bir aýratyn şahsyň (fiziki we ýuridik şahslaryň), raýatyň hem hukugy bardyr. Administratiw hukugynyň kadalary öz tebigaty boýunça jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, jemgyýetçilik ýaşaýşynda ýüze çykýan hadysalaryň we ýa

Eseri terjime etmegiň esaslary

Çeper döredijilikde we sungatda awtorlyk hukuk örän ähmiýetlidir. Çeper döredijiligiň eserleri terjime edilende aýratyn jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Eger-de girdeji almak ýa-da başga bir ýaramaz meýiller bilen däl-de, diňe özüň üçin peýdalanmak, şonuň ýaly-da okuw, ylym, medeni we bu çygyrdaky halkara hukuk kadalaryna hem-de hereket edýän milli kanunçylyga esaslanmak bilen, kimdir biriniň eseri terjime edilse, awtoryň razylygy talap edilmeýär. Emma eseri başga dile terjime etmegiň üsti bilen haýsydyr bir maddy häsiýetli bähbit gazanmak, awtoryň at-abraýyna, emläk bähbitlerine zyýan ýetirmek, umumy ykrar edilen ahlak kadalaryny bozmak ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykyp biljek halatynda eseri terjime etmek gadagan edilýär. Ylym, edebiýat we sungat eserlerini (awtorlyk hukugy), ýerine ýetirmeleri, fonogrammalary we wideogrammalary, gepleşik guramalarynyň gepleşiklerini (gatyşyk hukuklar) döretmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda, awtoryň razylygy ýa-da awtorlyk hukuklarynyň beýleki eýelik edijisiniň razylygy bolmazdan we awtorlyk tölegini tölemezden, fiziki şahs tarapyndan doly hukukly halka ýetirilen eseriň ýeke-täk nusgalykda gaýtadan döredilmegi diňe girdejiler almazdan, şahsy maksatlarda ýol berilýär. Kanunyň 19-njy maddasyna laýyklykda, a

Ýyllar düşümli gelsin!

2024-nji  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly  ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikleriň  gazanylan ýyllaryň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklary ýalkym saçdy. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir. Bu dabara her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Arçanyň töwereginde çagalaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi Aýazbabany we onuň agtygy Garpamygy garşyladylar. Aýazbaba we Garpamyk dabara gatnaşýan ähli körpeleriň adyndan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hem-de ähli türkmen halkyna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, arzuwlaryny beýan etdiler.  Dabarada hormatly Prezidentimiziň adyndan süýjülikleriň we sowgatlaryň gowşurylmagy ýaşajyk türkmenistanlylar üçin ýatdan çykmajak pursatdyr. Ýetip gelýän Täze ýyl düşümli bolsun, eziz ildeşler!

Öwşün atsyn arçamyz!

Bosagada Täze ýyl baýramy. Bu baýramçylyga ählimiz sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Mähriban ildeşler, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, baýramçylyk dabarasyny asuda, parahat geçirmegiňizi arzuw edip, öz maslahatlarydyr nesihatlary bilen ýüzlenýär. Täze ýyl baýramçylygyny geçirmek üçin ikiden az bolmadyk halas ediş çykalgalary bilen üpjün edilen jaýlary ulanmaga rugsat berlendir. Jaýyň penjirelerinde berk esasda oturdylan demir gözenekleri bolmaly däldir. Arçany berk esasda oturtmaly. Arçanyň ýerleşen jaýy ilkinji ýangyn söndüriş enjamlarydyr serişdeleri bilen üpjün edilmelidir. Jogapkär nobatçy işgärler bilen Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilmegi boýunça ýangyn howpsuzlyk düzgünleri barada gönükdiriş geçmeli.

Täze ýyl baýramyna

Ýüreklere şatlyk paýlady Toýlary-toýlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň goýny ýene-de şatlyk-şagalaňa beslenýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan aýdym-sazly dabaralara giň orun berilýär. Agzybir il-günümiziň, aýratynam, şadyýan çagajyklaryň ýürek joşgunlaryny, baýramçylyk gutlaglaryny diňläniňde, asuda, toý-baýramly mekanda ýaşaýandygyňa buýsanjyň artýar.

Ak nura beslenip gel, sen Täze ýyl!

Golaýda TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň guramagynda Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý mekanynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabara geçirildi. Dabara TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýaşuly nesliň wekilleri, gatnaşdylar. Dabarada welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Köňülleri buýsançdan doly ildeşlerimiz bilen söhbetdeşlikler geçirildi. Dabaranyň dowamynda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow dabara gatnaşyjylary geljek — 2025-nji ýyl bilen gutlap, welaýatymyzda dürli ugurlarda zähmet çekýän partiýanyň işjeň agzalaryna TDP-niň Syýasy Geňeşiniň we welaýat komitetiniň Hormat hatlaryny, ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.

Şatlyk-şowhuna beslendi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly belent sepgitleri, şanly wakalary bilen tamamlanyp barýar. Güneşli Diýarymyz toý-baýramlary bilen bagtyýarlygyň mekanyna öwrülýär. Şanly ýylymyzyň ýene bir baýramçylygyna — Täze ýyl baýramyna taýýarlyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Etrabymyzdaky “Bagtyýar türkmen” toý mekanynda geçirilen baýramçylyk dabarasam şeýle çäreleriň biri boldy. TKA-nyň etrap birleşmesiniň TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde guran baýramçylyk çäresine ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, önümçiligiň öňdebaryjylary, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Fatima Ibragimowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Ogulbagt Amanmyradowa, etrap medeniýet bölüminiň işgäri, KA-nyň işjeň agzasy Enejan Kadyrowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, tamamlanyp barýan ýylda döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda gürrüň etdiler. Täze ýylda öňümizde durýan täze wezipeler hakynda, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak maksady bilen görülýän çäreleriň üstünde durup geçdiler. Aýdymçy-sazandalaryň we tansçylaryň şowhu

Tertip-düzgün ündeldi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly uly ýeňişlere, şanly wakalara beslenip tamamlanyp barýar. Şu günler Täze ýyl baýramçylygyny taýýarlykly garşylap, şatlyk-şowhunly geçirmek bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Golaýda şu maksat bilen TMÝG-niň Garagum etrap geňeşiniň etrap prokuraturasy, etrabyň polisiýa we bilim bölümleri bilen bilelikde guramagynda Garagum etrabyndaky 20-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan edaralaryň we jemgyýetçilik guramasynyň işgärleri, etrapdaky 3,4, 20-nji orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Çärede Garagum etrap prokurorynyň uly kömekçisi Didar Elýasow, etrabyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň işgäri, polisiýanyň maýory Juma Apbakow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Ýazmyrat Annagurbanow, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Baýram Agajanow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar okuwçylara baýramçylyk günleri tertip-düzgüni berk berjaý etmelidigini, Täze ýyl baýramyny maşgala agzalary bilen şatlykly belläp geçmelidigini nygtadylar. Partlaýjy jisimleri ulanmakdan daşda durmalydygyny aýratyn belläp geçdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Ynha, taryhy wakalara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem tamamlanyp barýar.

Türkmen ýaşlary hakdaky aladanyň beýany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň çapdan çykandygy hakdaky habar biz — bagtyýar ýaşlaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ilkinji kitabyny geçen ýylyň ahyrynda halkymyza sowgat edipdi. Geçen döwrüň içinde döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby dünýäniň halklarynyň birnäçesiniň dilinde neşir edildi. Bu gün ajaýyp eseriň ýapon dilinde neşir edilmegi bolsa iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlukly we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge itergi berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen çuň manyly setirler bar. Bu jümlede ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrundaky alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar barada edilýän alada, olara bildirilýän belent ynam öz beýanyny tapýar. Gymmatly eseriň ýapon dilinde neşir edilmegi dostlukly ýurduň okyjylaryna biziň ata Watanymyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty barada bilmäge ajaýyp mümkinçilik açylýar.