Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde hem milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň netijeli ugry bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň çig mal öndürýän ýurtdan innowasion häsiýetli taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülmeginiň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän diwersifikasiýa syýasatynyň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir.
6-njy dekabrda şu ýylyň on bir aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy beýan edildi. Durmuş-ykdysady ösüşde gazanylan bu netijeler häzirki döwürde amala aşyrylýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň miwesidir.