Täze ýyl baýramçylygy golaýlaşdygyça ak bazarlaryň we söwda nokatlarynyň gelim-gidimi artyp, söwda barha gyzyşýar. Şu günler paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň hem-de welaýatlaryň çägindäki bazarlara we söwda nokatlaryna baranyňda hem muňa göz ýetirmek bolýar.
Ýurdumyzyň ähli bazarlarynda we söwda merkezlerinde halkymyza edilýän söwda hyzmatlarynyň derejesi göwnüňi göterýär. Bu bazarlarda alyjylara ekologiýa taýdan arassa önümler hödürlenýär. Olaryň arasynda azyk önümleriniň örän köp görnüşleri, Täze ýyl arçalary we olara niýetlenen zerler, çyrajyklar, beýleki harytlar bar. Elýeterli nyrhdan hödürlenýän şol önümlerdir harytlara islegiň örän ýokary bolmagy olaryň hiliniň gowudygy bilen baglanyşyklydyr. Gök-bakja önümleri, ir-iýmişler, etdir süýt önümleri, datly şerbetler, garaz, baýramçylyk saçagy üçin ähli zat bazaryň degişli bölümlerini bezeýär.