Hormatly Prezidentimiziň kitaby ýapon dilinde neşir edildi

20 Dekabr 2024
38

18-nji de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Halkara gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hormatly Prezidentimiziň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da çap­dan çy­kan we türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li üçin mö­hüm gol­lan­ma öw­rü­len bu ki­tap da­şa­ry döw­let­ler­de hem uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Onuň Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ösü­şin­de no­bat­da­ky mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Şeý­le hem bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ede­bi-fi­lo­so­fik ese­ri ter­ji­me edil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ki­ta­by şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da ýa­pon di­lin­de çap­dan çyk­dy.