Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň çapdan çykandygy hakdaky habar biz — bagtyýar ýaşlaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ilkinji kitabyny geçen ýylyň ahyrynda halkymyza sowgat edipdi. Geçen döwrüň içinde döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby dünýäniň halklarynyň birnäçesiniň dilinde neşir edildi. Bu gün ajaýyp eseriň ýapon dilinde neşir edilmegi bolsa iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlukly we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge itergi berýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen çuň manyly setirler bar. Bu jümlede ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrundaky alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar barada edilýän alada, olara bildirilýän belent ynam öz beýanyny tapýar. Gymmatly eseriň ýapon dilinde neşir edilmegi dostlukly ýurduň okyjylaryna biziň ata Watanymyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty barada bilmäge ajaýyp mümkinçilik açylýar.