"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda sadaka berildi

25-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi. Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna eýerip, Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde agzybirlikde sadaka bermek baradaky teklip bilen mejlise gatnaşyjylara ýüzlendi we bu teklip biragyzdan goldanyldy.

Geňeşli il — döwletli ýol

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýuna barylýan günlerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde hem işjeň häsiýetde geçen Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimizde demokratik ýörelgeleriň has-da ösdürilýändigini alamatlandyrdy. Umumymilli foruma ähli watandaşlarymyz bilen birlikde welaýatymyzdan ildeşlerimiziň hem uly topary gatnaşyp, ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça kabul edilen çözgütleri biragyzdan goldamakda işjeňlik görkezdiler. Olaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirýäris. Toýly KURBANMEDOW, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanyndaky hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşleriniň agzasy:

­Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu çäre ýurdumyzyň halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Suwuň gymmat ýurtlary

  Monakonyň içimlik suwuň iň gymmat ýurdudygy mälim edildi. Bu barada geçirilen barlagda ýurtda 1,5 litrlik içimlik suwuň bahasy 5,8 dollar. ABŞ bolsa, iň gymmat içimlik suwy bolan ýurtlaryň arasynda sekizinji orny eýeledi. Barlaglara görä, ABŞ suwuň gymmaty boýunça ilkinji onluga giren ykdysadyýeti güýçli ýurtlaryň arasynda ýeke-tägidir. Bu ýerde şeýle göwrümdäki suwuň bahasy, ortaça, 2,19 dollar.Sanawdaky ilkinji 10 ýeri, esasan, Karib deňziniň we Afrika ýurtlarynyň eýeleýändigi bellendi. Bular degişlilikde, Antigua we Barbuda (2,59 dollar), Merkezi Afrika Respublikasy (2,49 dollar), Barbados (2,48 dollar), Bagama (2,41 dollar), Kosta-Rika (2,35 dollar), Grenada (2,26 dollar) we Eritreýa (2,14 dollar). Onunjy orunda Islandiýa (2,4) gelýär. Iň arzan suwuň Müsürde (18 sent) we Liwiýadadygy (24 sent) anyklandy.  

Dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýy gurlar

  Braziliýanyň “FG Empreendimentos” kompaniýasy dünýäniň iň beýik ýaşaýyş binasyny gurmagy meýilleşdirýär. “Senna” atly bina Braziliýanyň Santa-Katarina şäherinde ýerleşer we meşhur “Formula 1”-iň piloty Aýrton Sennanyň hormatyna gurlar.Pilotyň jigisi Lalally Senna tarapyndan taslanan “Senna” diňiniň beýikligi entek belli däl, ýöne onuň 500 metrden ýokary boljakdygy bellenilýär. Meýilnama görä, binanyň beýikligi 2015-nji ýyldan bäri iň beýik ýaşaýyş binasy hasaplanýan Nýu-Ýorkuň 472 metrlik “432 Park Avenue” diňiniň beýikliginden geçer. Desganyň gurluşygy 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlanar. Ilkinji netijelere görä, binanyň esasy aýratynlyklarynyň biri, desganyň köp mukdardaky yşyklandyryş ulgamy bolar.Şeýle-de binada hersi 903 inedördül metr bolan dört sany 2 gatly penthausy öz içine alýan 228 öý bolar. Infrastruktura güýmenje merkezlerini, restoran meýdançalaryny we Aýrton Senanyň karýerasyny, durmuşyny we üstünliklerini beýan edýän interaktiw muzeýi öz içine alar. Taslamanyň tamamlanjak wagty belli däl. Taslama üçin maýa goýumlary, takmynan, 500 million dollar bolar.  

Täze hökümet tassyklandy

  21-nji sentýabrda Fransiýanyň Premýer-ministri Mişel Barnýe merkezi we sagçy partiýalaryň 39 agzasyny öz içine alýan hökümetiniň döredilýändigini mälim etdi. Olaryň arasynda 12 agza Prezident Emmanuel Makronyň “Galkynyş” partiýasyna, 10 agza bolsa, Mişel Barnýeniň konserwatiw “Respublikanlar” partiýasyna wekilçilik edýär.Şeýlelik bilen, “Demokratik hereket” partiýasyndan Ýewropa işleri boýunça öňki ministr Žan-Noel Barro daşary işler ministrliginiň täze başlygy wezipesine bellendi. “Respublikanlar” partiýasynyň başlygy Brýuno Retaýo içeri işler ministri boldy. Beýleki ministr wezipeleri aşakdaky ýaly paýlandy: Sebastýen Lekornýu Fransiýanyň ýaragly güýçleriň ministri, Raşida Dati medeniýet ministrliginiň başlygy wezipesine bellendi, Anýes Panýe-Rýunaşe ekologiýa geçiş, energiýa, howa we howplaryň öňüni alyş ministri wezipesine bellendi. Maliýe ministri wezipesini Makronyň partiýasynyň deputaty Antuan Arman eýeledi.Barnýe 5-nji sentýabrda hökümet başlygy wezipesine bellendi. Täze hökümet gurmak baradaky geňeşmeler iki hepdeden gowrak dowam etdi. Bu özgerişlikleriň hemmesi, Milli Assambleýanyň nobatdan daşary saýlawlaryndan soň bolup geçýär.  

100 milliard dollar gönükdirer

  Aziýa Ösüş banky täze maksatnama kabul edendigini – 2030-njy ýyla çenli howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreş boýunça çäreleri maliýeleşdirmeпine özüniň ýyllyk karzlarynyň 50 göterimini bermek we onýyllygyň dowamynda giň gerimli strategiýa täzelenmesiniň çarçuwasynda hususy pudagyň maýa gönükdirmesini işjeňleşdirjekdigini mälim etdi.AÖB-nyň maglumatlaryna görä, täze maksatnama 2019-njy we 2030-njy ýyllar aralygynda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş üçin 100 milliard dollar bölüp berer. Şeýle-de bolsa, şu güne çenli diňe 30 milliard dollar bölünip berildi.-Biz bankymyzyň işini sebitde howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça meselelere gönükdirmek isleýäris – diýip, Aziýa ösüş bankynyň strategiýa müdiri Tomoýuki Kimura aýtdy.Tomoýuki Kimura 2030-njy ýyldaky Strategiýanyň çäginde Aziýanyň iň möhüm ösüş meseleleriniň bäşisine ünsi jemlejekdigini aýtdy: bank howanyň üýtgemegi, hususy pudagy ösdürmek, şeýle-de saglygy goramak, sanly üýtgeşmeler we jemgyýetiň durnuklylygyny ýokarlandyrmak ýaly halkyň abadanlygyna gönükdirilen ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.  

Anur Kumar ýeňiş gazandy

  “Milli halk güýçleri” bileleşiginiň lideri Anur Kumar Dissanaýake Şri-Lankada geçirilen Prezident saýlawynda ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň saýlaw topary habar berdi. 22-nji sentýabrda geçirilen saýlawlarda 55 ýaşly Dissanaýake 42,31 göterim ses bilen ýeňiş gazandy. Sajita Premadasu ikinji, häzirki Prezident Ranil Wikremesinghe üçünji orny eýeledi.Saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, ýurtda ses beren 13,6 million adamdan 5,6 milliondan gowragy Dissanaýake ses berdi. Täze prezident 23-nji sentýabrda kasam kabul etdi. Ol kasam kabul edişlik dabarasynda azyk çökgünligine garşy göreşmek, bilime we saglygy goraýyşa maýa goýumlaryny çekmek we Şri-Lankanyň ykdysady ösüşiň üstünde işlemekçidigini aýtdy.Dissanaýakeniň syýasy karýerasy 1988-nji ýylda Sosial talyplar assosiasiýasynyň milli guramaçysy bolup işlän döwründen bäri dowam edýär. Syýasatçy 1995-nji ýylda Merkezi işçiler komitetine goşulup, 2001-nji ýylda parlamentiň agzasy bolandan soň “Halk azat ediş fronty” partiýasynda ýokary wezipelerde işläp başlady. 2004-2005-nji ýyllar aralygynda Şri-Lankanyň Oba hojalygy, maldarçylyk, ýerler we suwaryş ministri wezipesinde işledi. 2014-nji ýylda Dissanaýake Halk azat ediş partiýasynyň lideri boldy.Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasy Günorta Aziýanyň bir döwletidir. Bu ýurt 1972-nji ýyla çenli Seýlon diýlip atlandyrylypdyr. Sanskrit dilinden terjime ede

«Köpüň dilegi köl bolar»

Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda sadaka berildi Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi.

Belent hormatyň buýsanjy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçen Halk Maslahatynyň mejlisi täze döwrümiziň taryhyna zer ýazgylar bolup girjek ajaýyp waka öwrüldi. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen umumymilli forumyň dowamynda döwlet berkararlygymyzy mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli çözgütler kabul edildi. Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary işjeňlik görkezip, uzak ýyllaryň dowamynda halal hem tutanýerli zähmet çeken watandaşlarymyzyň uly toparyna döwlet sylaglary gowşuryldy, hormatly atlar dakyldy. Şolaryň hatarynda welaýatymyzdan hem ildeşlerimiziň köp sanlysy bar. Olaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirýäris. * * *

Dabaraly maslahat

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli, golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň, şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda geçirilen maslahat «Garaşsyzlyk — galkynyşyň ganaty» diýlip atlandyryldy. Oňa ýaşlar guramasynyň, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow, bölüm müdiri Çynar Mämedowa, «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Bazargül Ballyýewa, Daşoguz şäherindäki 8-nji orta mekdebiň mugallymy Annajemal Kakaýewa, welaýat onkologiýa hassahanasynyň rentgen laboranty Kemal Kömekow dagy çykyş etdiler.

Milli mirasym — mertebäm

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli, gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary bagtyýar raýatlarymyzyň kalbyna egsilmez joşgun, ruhubelentlik bagyşlaýar. Welaýatymyzyň çäginde guralýan medeni-köpçülikleýin dabaralarda hem täze taryhy döwrüň belent ruhy joşguny aýdyň şöhlelenýär. Ýurdumyzyň baş baýramynyň uly şatlyk-şowhuna beslenýän günlerinde Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisi guraldy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmeklige we gorap saklamaklyga aýratyn ähmiýet berilýändigi öz beýanyny tapdy. Sergide medeni mirasymyza, milli senetçiligimize dahylly gymmatlyklar, gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň gadymy nusgalary mekdebiň mugallymlarynda we talyp ýaşlarynda uly gyzyklanma döretdi.

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiziň esasynda adam hakyndaky alada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň şanly baýramçylygynyň öň ýanynda, ýagny 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, 1146 adama Türkmenistanyň raýatlygynyň, 134 adama bolsa Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi ýurdumyzda ynsanperwer ugruň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Dil bilen açylýar dünýäniň ýüzi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, okuwçylara we talyp ýaşlara daşary ýurt dillerini öwrenmäge, bu ugurda tejribe alyşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 4 — 9-njy sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen 24-nji Puşkin adyndaky halkara bäsleşikde Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Aýsapar Sazakowa baýrakly orna mynasyp boldy. Bu bäsleşige dünýäniň 21 ýurdundan 239 sany iş kabul edilip, şolardan 50 adam onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi. Ýeri gelende bellesek, bäsleşigiň şu gezekki tapgyrynda ýurdumyzdan 4, şol sanda welaýatymyzdan 2 mugallym ýeňiji bolmagy başardy. Boldumsaz etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mugallymy Maral Öwezowa hem bu bäsleşikde baýrakly orna mynasyp boldy. «Rossiýskaýa gazeta» gazetiniň redaksiýasynyň yglan eden bu bäsleşigi 2001-nji ýyldan bäri her ýylda geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde bilim işgärleriniň guwandyryjy netijeleri gazanýandygyny alamatlandyrýar.

Möhüm çäreler guralýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen guralýan biraýlyk çärelere jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri degişli pudak edaralary bilen ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça bilim ojaklarynda, kärhanalarda wagyz-nesihat, düşündiriş, öňüni alyş işlerini guramaçylykly hem-de yzygiderli geçirýärler. Biraýlygyň dowamynda ýaş nesillere ýol hereketiniň düzgünleri, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, bu ugurdaky bilimleri kämilleşdirmek bilen bagly köpçülikleýin wagyz-nesihat çykyşlary, duşuşyklar guralýar. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuk namalary halkymyzyň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny muňa aýdyň mysal bolup biler. Kanuna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilýän döwlet ähmiýetli möhüm çäräniň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň we sürüjileriň wezipeleri barada nygtalmagy ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallalaryň biridir. Sebäbi asudalyg

Abatlyk, guratlyk — asuda hereketiň kepili

Içeri işler edaralaryna toý sowgatlary Ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ilkinji orunda goýýan hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda biziň welaýatymyzyň polisiýa müdirliginiň Halaç, Hojambaz etrap polisiýa bölümlerinde, şeýle-de Saýat etrabynyň Garabekewül şäher polisiýa bölümçesinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi şanly wakalaryň üstüni ýetirdi.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Ýol abat — il abat Berkarar döwletimizde günsaýyn gözelleşýän we ajaýyp görnüşe eýe bolýan şäherlerimizdir obalarymyz halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Oba-şäherlerimizde halkyň hyzmatyna berlen aýna ýaly tekiz we ýagty ýollar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň işini döwrebaplaşdyrmak ugrunda üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Üstümizdäki ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanylmaga berilmegi-de şanly ýylymyzyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň sebitlerinde awtomobil ýollaryny abatlamak, yşyklandyrmak ugrundaky işler yzygiderli dowam edýär. Şol ýollarda asudalygy, ulaglaryň howpsuz hereketini üpjün etmek bolsa herekete gatnaşyjylaryň her biri üçin möhümdir.

Jümle-jahan habarlary

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi Ýaponiýaly Tomiko Itoko dünýäniň iň uly ýaşly ynsany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 1908-nji ýylyň 23-nji maýynda doglan bu zenan 116 ýaşynda. Ol çagalykdan sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýeripdir. Tomiko Itoko ýaşlyk ýyllarynda sportuň woleýbol görnüşi we alpinizm bilen meşgullanypdyr. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri 5 ýyldan bäri garrylar öýünde ýaşaýan Tomiko Itoko degişli şahadatnamany gowşurdylar. Bu ugurda öňki dünýä rekordy 117 ýaşap, aradan çykan ispaniýaly Mari Braniasa degişlidi.

Döwletli tutumlar, rowaç gadamlar

Buýsançly kalplaryň joşguny Dost-doganlygyň mekany bolan ýurdumyzda taryha altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalaryň şaýady bolýarys. Paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem şolaryň biridir. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen mejlisde kabul edilen ilhalar çözgütler ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan we eşretli ýaşaýşy barada döwlet tarapyndan uly aladalaryň edilýändigini ýene bir gezek subut etdi. Mejlis täze taryhy eýýamda döwletlilik taglymatynyň, milli demokratik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşlary halkymyzyň buýsanç duýgularyny artdyrdy hem-de «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryň dabaralanýandygynyň kepiline öwrüldi.

Halk bähbidine gönükdirilen işler

Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň iň gadymy ýörelgeleriniň biri bolup, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny üpjün edýär. Muňa öňňin Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde has aýdyň göz ýetirdik. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirmek bilen, durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynda, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Umumymilli forumda uly ösüşler bilen öňe barýan berkarar döwletimizde amala aşyrylýan işleriň üstünlikli dowamy boljak il-ýurt bähbitli tutumlaryň ara alyp maslahatlaşylmagy türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň nusgalykdygynyň nyşanydyr. Halkymyzyň asylly ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen taryhy mejlisde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri halk köpçüligine ýetirmek, ýaşlara düşündirmek, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalary, özgertmeleri, gazanylan üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri giňişleýin wagyz etmek jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň esasy maksadydyr. Şonuň üçinem bu ugurda tagallalarymyzy gaýgyrmarys.